Türkmenistanda içeki uçar gatnawynyň tertibi üýtgedildi, şol sanda ýurduň içinde amala aşyrylýan reýsleriň sany artdyryldy. Bu ýagdaý bilet gytçylygyndan kösenýän raýatlary umytlandyrdy, häzirlikçe uly üýtgeşiklik getirmändir. "Türkmenhowaýollary 25-nji iýuldan içerki gatnaw tertibine üýtgetmeleri girizdi. Köp ugurlar boýunça gatnawlar köpeldildi, ýöne bu ilatyň durmuşynda hiç bir ýeňillik döretmedi, gaýtam öňküsinden beter bilet karrupsiasy möwjedi" diýip, habarçymyz soňky ýagdaýlary suratlandyrdy. Читать дальше...
“Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň gyzlaryň başlangyç mekdepden aňyrda bilim almagyny gadagan etmegi bilen, Kabulda ýaşaýan ýaş gyz bolan Rahşana mekdebe okuwa gatnamagyny bes etdi. Soň ol iňlis dili sapaklaryny hödürleýän hususy merkeze okuwa ýazyldy. Emma “Talyban” iýun aýynda bu merkezi hem ýapyp, onuň okamak mümkinçiligini elinden aldy. Şahsy durmuşynyň goragy üçin ady üýtgedilen Rahşana, 18 ýaşyndaky gyz, geljegi üçin düzen meýilnamalary we arzuwlary talanandan soň, öz janyna kast etmäge synanyşandygyny aýdýar. Читать дальше...
Arkadagda gurulýan kaşaň metjide ilatdan pul toplamak işi dowam edýär. Häkimiýetleriň pul toplamak boýunça işleriniň bir bölegi döwlet edara-kärhanalarynyň üsti bilen geçirilýär. Býujetden aýlyk alýan türkmenistanlylar öz zähmet hakyndan bir bölegini tabşyrmaga mejbur edilýär. Hususy işewürlerden hem pul talap edilýär. Şu günler Balkan welaýatynda tas ähli býujet edaralarynyň işgärlerinden we ýerli telekeçilerden Arkadag şäherindäki metjit gurluşygy üçin pul tabşyrmak talap edilip, maliýe serişdesiniň... Читать дальше...
Türkmenistanda ýurduň we halkyň bähbitlerini, hukuklaryny goramaly, kanunlaryň berjaý edilmegini üpjün etmeli harby gullukçylaryň, hukuk goraýjy işgärleriň barha ulalýan ýetmezçiligi hökümeti uly alada goýýar diýip, Azatlygyň habarçysy we çeşmeler habar berýär. Harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy işgärleriň ýetmezçiligi Ahal welaýatynda has ýiti duýulýar, bu ýetmezçilik paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynda çuň kök uran ‘beýik para daragtyny hem yrgyldadýar’ diýip, aşgabatly çeşme aýtdy. Azatlygyň habarçysy... Читать дальше...
Özbegistanyň Samarkand şäherinde ýerli häkimiýetleriň onlaýn ýygnagynyň ýazgysynyň jemgyýetçilige ýaýramagy uly galmagal döretdi. Wideoda Özbegistanyň Zähmet bilen üpjünçilik we garyplygy azaltmak ministrliginiň etrap bölüminiň ýolbaşçysy, wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän ýygnagyň dowamynda, kameranyň işleýändigini ýatdan çykaryp, kätibini dyzynda oturdyp, ony gujaklap başlady. Bu ýazgy sosial ulgamlarda giňden ýaýrady. Ýurduň Zähmet bilen üpjünçilik we garyplygy azaltmak ministrliginiň metbugat... Читать дальше...
Taýland bilen Kambojanyň ýolbaşçylary, 28-nji iýulda Malaýziýanyň administratiw merkezi Putrajada geçirilen gepleşikleriň dowamynda, ok atyşyklary bes etmek barada ylalaşdylar. Munuň bilen 24-nji iýulda serhetýaka sebitlerde başlanan ganly çaknyşyklar bes edilmeli. Uzak wagt bäri dowam edip gelen territorial dawa dartgynlaşyp, iki ýurduň arasyndaky soňky döwürdäki iň heläkçilikli çaknyşyklara ýazdy; onlarça adam wepat boldy. Ylalaşyga gelnendigini gepleşiklere araçylyk eden Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim... Читать дальше...