Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июль
2025
5
6
12
13
19
20
26
27

Новости за 14.07.2025

Azathabar.com 

Işden kowlan häkim yzyna geldi, adamlar nägileliklerini 'has açyk' aýdyp başlaýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda Döwranberdi Annaberdiýewi Mary welaýatynyň häkimi wezipesine belledi, ol bu wezipeden iki ýyl öň, 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda, “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýlip boşadylypdy we mejlis zalyndan “gidiberiň” diýlip kowlan ýokary derejeli resmileriň biri bolupdy. Türkmenistanda prezidentiň ýygnak gutarmanka zaldan kowýan öňki resmileriniň soňky ýagdaýlary köplenç gowy bolmaýar we olaryň gaýtadan edil öňki wezipesine bellenmegi, onda-da edil wezipesinden boşadylan aýynda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Owgan aýdymçysy aýdym-sazyň gadagan edilen ýurdunda ýitirim boldy

Meşhur owgan ýyldyzy, takmynan on ýyl mundan ozal meşhur teleýaýlymyň zehinler gepleşigindäki çykyşy bilen tanymallyk gazanan aýdymçy Kabulda ýitirim bolup, bir aýdan gowrak wagt bäri tapylmaýar. Zulala Haşiminiň adamsy onuň 4-nji iýunda, ýetip gelýän Gurban baýramy üçin gerek zatlary satyn almak niýeti bilen, birnäçe sagatdan gelerin diýip öýünden çykandygyny, ýöne ony şondan bäri ne görüp, ne-de eşidip bilendigini aýtdy. "Zulala golaýda ýaşaýan daýzasy bilen gitmeli bolupdy, ýöne ol daýzasynyň öýüne barmandyr” diýip... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ýewropa barmak isleýän türkmenistanlylaryň arasynda Rumyniýanyň wizasyna isleg artýar

Ýewropa ýurtlaryna barmak isleýän türkmenistanlylaryň arasynda şengen we milli wizalary alyp bermäge kömek hödürleýän araçylara ýüz tutýan halatlary seýrek däl. Häzirki wagtda şeýle "araçylar" birnäçe ýewropa ýurdunyň ilçihanalarynyň üsti bilen wizalary 1500-2000 ýewro möçberli töleg bilen "bökdençsiz" alyp bolýandygyny öňe sürýärler. Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanlylar, ÝB döwletleriniň Türkmenistandaky ilçihanalarynda işleýän işgärler bilen özleriniň ilteşiklidigini aýdyp, resmi... Читать дальше...

Azathabar.com 

Kamerunyň 92 ýaşly prezidenti ýene-de bu wezipä dalaş eder

Dünýäde häzir häkimiýet başyndaky döwlet ýolbaşçylarynyň iň ýaşulysy hasaplanýan Kamerunyň prezidenti Pol Biyýa 2025-nji ýylyň 12-nji oktýabryna bellenen prezidentlik saýlawlaryna gatnaşjakdygyny yglan etdi. Degişli beýanat 13-nji iýulda onuň X sahypasynda peýda boldy. Pol Biyýa Kamerunyň prezidenti wezipesini 1982-nji ýyldan bäri ýerine ýetirýär. 2008-nji ýylda prezidentlik möhletiniň çäkleri ýatyrylandan soň, ol çäklendirilmedik gezek prezidentlige dalaş etmäge hukuk aldy. Eger bu gezek hem ýeňiş gazansa... Читать дальше...

Azathabar.com 

Döwlet dükanlarynda syçanlar we hapaçylyk saklanyp galýar

Döwletiň garamagyndaky dükanlara alyjy köp barýar. Bu ýerde ýeňillikli bahadan satylýan çörek, un, ýumurtga, towuk budy we ösümlik ýagy önümler alyjylary çekýär, emma başga-da, bazar nyrhyndan dürli önümler hödürlenýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary döwlet dükanlaryndaky hapaçylyga ünsi çekýärler. Ilat köpçüligi döwlet dükanlaryna esasan "paýok" almak üçin barýar, emma olary azygyň hili we satyjylaryň müşderiler babatynda özlerini alyp baryşy köpçüligi kanagatlandyrmaýar, diýip birnäçe çeşme habar... Читать дальше...

Azathabar.com 

Berlinde 15 näsagy bilkastlaýyn öldürmekde aýyplanýan lukman sud edilýär

Germaniýanyň paýtagty Berlinde agyr keselli näsaglara palleatiw ideg bilen meşgullanan lukmanyň 15 näsagy bilkastlaýyn öldürendigi baradaky aýyplamalar boýunça kazyýet diňlenişigi başlandy. DPA habar gullugynyň ýazmagyna görä, lukman öz günäsini boýun almaýar, sudda 150 töweregi şaýadyň çykyş etmegine garaşylýar. Diňlenişikler geljek ýylyň ýanwaryna çenli dowam edip biler. Kazyýete arza bilen ýüz tutan 13 adam, bu lukmanyň garamagynda ölen hassalaryň ýakynlarydyr. Germaniýanyň kanunlaryna laýyklykda, aýyplanýanyň ady köpçülige äşgär edilmeýär. Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus