Balkan welaýatyndaky harby-deňiz flotunyň we guryýer goşunlarynyň harbylary Aşgabada ugradylyp, iki aýdan bellenjek Garaşsyzlyk baýramy üçin ýörite taýýarlyklara we maşklara çekilýär. Emma harby bölümlerde esgerleriň agramy bilen bagly mesele ýüze çykdy. Balkanly harbylaryň köpçülikleýin paýtagta ugradylmagy 27-nji sentýabrda bellenýän Garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyklar bilen bagly. Harby parada gatnaşdyryljak esgerleri saýlamak işine aýratyn üns berilýär. Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşme şeýle diýýär... Читать дальше...
Türkmenistan zähmet rugsadyna çykan mugallymlaryň daşary ýurtlara syýahat etmeklerine ýol bermeýär, olar hatda Gazagystan, Özbegistan, Azerbaýjan ýaly goňşy ýurtlara hem goýberilmeýär diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Anonimlik şertinde gürleşen pedagoglar bu gadaganlygyň ýokardan, dilden berlen görkezmä esaslanýandygyny, hiç bir kanuny düşündirişiniň ýokdugyny aýdýarlar. Şol bir wagtda, bu gadaganlyk barada resmi düşündiriş alyp bolmaýar. Balkanda tomusky dynç alşyna çykyp, daşary ýurt wizalaryny... Читать дальше...
Soňky bir hepdäniň dowamynda Türkmenbaşyda dynç alýanlaryň ençemesi şäherden çykarylyp, olara dynç alyşyny togtatmak ýa-da başga ýere gitmek teklip edildi. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri tomusky dynç alyşyny deňiz boýunça geçirmek üçin ýurduň dürli böleklerinden baran adamlaryň Türkmenbaşydan gidip, deňziň ýakasyndaky beýleki ýerlerde, şol sanda Çelekende täze ýer gözlemeli bolandygyny habar berdiler. "Myhmanhanalarda puluny töläp dynç alýan myhmanlardan myhmanhanalary tizräk boşatmak talap edildi. Читать дальше...
24-nji iýulda Russiýanyň Amur oblastynda AN-24 kysymly ýolagçy uçar ýere gaçdy. Uçaryň bortunda jemi 49 adam, ýagny 43 ýolagçy, şol sanda bäş çaga we alty ekipaž agzasy bardy. “Angara” awiakompaniýasynyň uçary Habarowsk – Blagoweşçensk – Tynda ugry boýunça reýsi ýerine ýetirýärdi. Ekipaž uçuş wagty tehniki näsazlyklar barada habar bermedi. Uçar Tynda şäherine birinji gezekden gonup başarmady we täzeden aýlamaga mejbur boldy. Şondan soň, uçar bilen aragatnaşyk kesildi. “Interfaks” agentliginiň ýazmagyna görä... Читать дальше...
Adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan syýasy tussag hökmünde ykrar edilen garagalpagystanly aktiwist Jumasapar Dädebaýew Özbegistanyň Nawoýy şäherindäki koloniýadan Buhara welaýatynyň Kagan şäherindäki has ýeňil düzgünli tussaghana geçirildi. Bu barada Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy habar berýär. Maglumata görä, şu ýylyň 2-nji iýunynda Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky ýörite komissiýa Dädebaýewi günä geçişlige goşmakdan ýüz öwürdi. Etniki türkmen Jumasapar Dädebaýew Garagalpagystanyň Hojeýli etrabynda doguldy. Читать дальше...