Morsal we onuň kämillik ýaşyna ýetmedik üç çagasy Owganystanyň gündogarynda, gaýynlarynyň çalamydar jaýynda ýaşaýar. Ýurduň iş ýüzündäki dolandyryjysy bolan "Talyban" aýal-gyzlar üçin bar bolan iş mümkinçiliginiň hemmesini diýen ýaly kesýär we ýurtda mätäç maşgalalara goldaw bermek üçin hiç hili durmuş ulgamy ýok. Netijede, 40 ýaşly dul aýalyň we onuň çagalarynyň, şol sanda maýyp oglunyň ne goragy, ne-de goldawy bar. Howpsuzlyk aladalary sebäpli ady üýtgedilen Morsalyň ozallar Owganystandaky aýal-gyzlar... Читать дальше...
Türkmenistanly dzýudoçy Käkilik Derýaýewa Gazagystanyň Almaty şäherinde kadetleriň arasynda geçirilen Aziýa kubogynda bürünç medal gazandy. 15 ýaşly türgen 48 kg-a çenli agram derejesinde çykyş edip, ýaryşyň dowamynda jemi dört ýeňiş gazanypdyr. 3-4-nji iýul aralygynda geçirilen ýaryşa 9 ýurtdan 450 dzýudoçynyň gatnaşandygy, Türkmenistana 15 türgeniň wekilçilik edendigi bellenilýär. Türkmen metbugaty Derýaýewanyň sambo boýunça iki gezek dünýä çempiony Gülbadam Babamyradowanyň okuwçysydygyny ýazýar.
Ahal sebitiniň etrap polisiýalarynyň işgärleri onlarça daýhany bugdaýy ýygnalan ýerlerini otlamakda aýyplap, munuň üçin uly jerime tölemeli boljakdyklaryny aýdýarlar; daýhanlar bu işiň para almak üçin toslanyp tapylandygyny öňe sürýärler. Ýurt ýapyklygy sebäpli resmi taýdan tassykladyp bolmaýan habarda aýdylmagyna görä, polisiýa bölümine telefon arkaly çagyrylan kärendeçiler indi gol çekilen, möhür basylan çakylyk haty bilen çagyrylmaklaryny talap edipdirler diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Читать дальше...
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň Kadrlar bölüminiň müdiri we ABŞ-nyň administrasiýasynyň iň täsirli, ýöne jemgyýetçilikde iň az görünýän resmileriniň biri hasaplanýan Serhio Gor 1986-njy ýylyň 30-njy noýabrynda, şol wagtky Özbegistan SSR-niň paýtagty Daşkentde doguldy. Bu barada OCCRP we Times of Malta neşirleri onuň Maltadaky emläkleri bilen baglanyşykly notarial resminamalara salgylanyp habar berýär. Žurnalistleriň anyklamagyna görä, onuň ady doglanda Sergeý Gorohowskiý bolupdyr. Bu at häzirem birnäçe resmi dokumentde... Читать дальше...