Aşgabat şäherinde soňky birnäçe günüň dowamynda ýagan ýagyşlaryň yz ýany, Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly, Şor we Garadamak ýaşaýyş toplumlarynyň köçelerini ýagyn suwlary basdy. Muňa häkimiýetleriň bu toplumlara ýagyn suwlaryny geçiriji ýerasty turbalaryny heniz-de çekmezligi sebäp bolýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji fewralda sebitden maglumat berdi. “Köçeleriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli ýer ýagyn suwlaryndan doly. Ýere has ýakyn, ýagny pes gurlan jaýlaryň... Читать дальше...
Günbatar welaýatynyň maldarlary häzirki gyş paslynyň örän agyr geçýändigini aýdýarlar. Gyşyň aýagyna golaýlamagyna garamazdan, sowuk howa saklanýarka çopanlar mallara iýim we derman tapmak aladasyny başdan geçirýär. "Şu ýyl maldarçylyk, dowarçylyk hojalyklary üçin agyr ýyl boldy. Gyşa taýýarlygymyz pes bolup çykdy. Weterinar hyzmatlary elýeterli däl, mallar üçin dermanlar tapdyrmaýar" diýip, balkanly çopan 19-njy fewralda gürrüň berdi. Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan mardarlaryň sözlerine görä... Читать дальше...
Türkmenistanda raýatlara daşary ýurtlara gitmäge we ol ýerde işe ýerleşmäge ýardam berjekdigini wada berip, olaryň puluny alýan we soňra ýitirim bolýan hilegärleriň pidasy bolýan adamlar göz-görtele köpelýär.
Türkmenistanda şu ýylyň başyndan bäri raýatlaryň käbirleriniň mobil telefonlaryna VPN gurnap bermegi teklip edýän SMS-leriň gelip gowuşmagy bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi. Raýatlaryň ençemesi onuň howpsuzlygyna alada bildirýär.
Türkmenistanda kesilen saçy satmak we öz saçyny hödürlemek hyzmaty ýaýbaňlanýar. Azatlygyň ýurt içindäki habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä, adamyň tebigy saçy gözellik salonlarynda satyn alynýar. Bu hyzmat hem saçyny satýan zenanlar, hem-de saçy alyp satýanlar üçin, gazanç ýoly bolýar. Aýal-gyzlaryň arasynda öz saçyny satyp, gazanç etmäge islegler artýar. Aşgabadyň gözellik salonlarynda aýal-gyzlaryň saçy welaýatlara garanda gymmatrak satyn alynýar. Paýtagtly zenanlar saçyny kesdirip... Читать дальше...
Türkmenistanda raýatlara daşary ýurtlara gitmäge we ol ýerde işe ýerleşmäge ýardam berjekdigini wada berip, olaryň puluny alýan we soňra ýitirim bolýan hilegärleriň pidasy bolýan adamlar göz-görtele köpelýär. Bu waka, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, gazanç gözleginde daşary ýurtlara gitmek isleýän raýatlaryň köp bolmagynda galýan mahalyna gabat gelýär. Aldawa düşen raýatlaryň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna gürrüň bermegine görä, bu adamlar sosial ulgamlarda... Читать дальше...
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 19-njy fewralda ÝB wekilleri bilen wideo arkaly geçiren iş duşuşygyna türkmen tarapyndan ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa gatnaşdy. Taraplar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, türkmen metbugaty habar berdi. Duşuşyga gatnaşyjylaryň şu ýylyň mart we aprel aýlarynda, “Ýewropa Bileleşigi ... Читать дальше...
Türkmenistanyň häkimiýetleri hökmany harby gulluga çagyryş ýaşyny 30 ýaşa çenli ýokarlandyrmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurduň howpsuzlyk edaralarynyň birindäki ygtybarly çeşmesi habar berdi.
“Euronews” habarlar teleýaýlymynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid ýerli mediaplatformalar bilen hyzmatdaşlyk etmek we ýurduň medeni mirasy bilen tanyşmak üçin Türkmenistana sapar etmekçi bolýar. “Biznes Türkmenistan” neşiri bu maglumaty onuň Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow bilen 18-nji fewralda bolan duşuşygynda aýdan sözlerine salgylanyp berdi. Türkmen diplomaty oňa öz ýurdunyň media babatyndaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge çalyşýandygyny aýdypdyr. Şeýle-de... Читать дальше...