Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Февраль
2025
1
15
23

Новости за 27.02.2025

Azathabar.com 

Lebaply daýhanlar MHM-niň gorkuzmalaryna sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar

Lebapda gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýän daýhanlaryň ençemesi Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) ýerli işgärleri tarapyndan basyşlara we haýbatlara sezewar edilýändiklerini aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Saýat, Dänew, Hojambaz we Çärjew etraplarynyň daýhanlary Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna gürrüň berdiler. Hususy eýeçiligindäki ýerde esasan sogan, käşir we sarymsak ýetişdirýän daýhanlar MHM işgärleriniň öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanyp, ellerindäki hasyllaryny arzan bahadan satyn almaga çalyşýandygyny belleýärler. Читать дальше...

Azathabar.com 

Maryda ten satýan aýallary saklamak boýunça reýd geçirilýär

Mary welaýatynyň administratiw merkezinde soňky günler polisiýa işgärleriniň işjeňliginiň göze ilip, şol sanda ten satýan aýallary gözlemek üçin reýdleriň geçirilýändigi barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy we çeşmeleri maglumat berdiler. Mary şäherindäki çeşmeleriň sözlerine görä, reýdleriň bir tapgyry şäherde 20-nji fewralda geçirilipdir. Polisiýanyň esasy maksady ten satýan zenanlary anyklamak we olary saklamak bolupdyr. "Reýdler welaýatlaryň arasyndaky gatnawy amala aşyrýan taksi duralgalarynyň ýanyndaky kafe we restoranlarda... Читать дальше...

Azathabar.com 

BMG-de Türkmenistanyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklar boýunça hasabaty diňlendi

Türkmen hökümeti Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky Halkara paktynyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Birleşen Milletler Guramasyna nobatdaky hasabatyny berdi. Ýedi ýylda bir gezek berilýän bu hasabat ýurt ilatynyň sosial-ykdysady ýagdaýynyň agyrlaşan wagtyna gabat gelip, raýatlaryň esasy azatlyklarynyň we haklarynyň öň görlüp-eşidilmedik derejede basylýan döwrüni öz içine alýar. Türkmen wekiliýetiniň öz ýurdunda ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryň berjaý edilişi barada BMG-ä... Читать дальше...

Azathabar.com 

Lebapda gaz we elektrik üpjünçiligi bökdedi, ilat ýylynmakda kynçylyk çekdi

Gyş paslynyň ýagynly we aýazly şu günlerinde Lebapda ilatyň elektrik we gaz üpjünçiliginde ýene bökdençlikler emele geldi. Bu ýagdaýyň ilatyň gündelik durmuşyna ýetiren täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 27-nji fewralda sebitden maglumat berdi. “24-nji fewralda gar ýagandan soň, tutuş welaýatda tok yzygiderli öçüp ýandy. Şol güni Çärjew we Saýat etraplarynda tok kesilenden 5 sagat soň üpjünçilik gaýtadan dikeldildi” diýip, ýagdaýlardan habarly lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň nobatdaky maslahaty Türkmenistanda geçiriler

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň Üçünji maslahaty şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda geçiriler diýip, türkmen metbugaty habar berýär. Resmi habarda durnukly ösüşde, ulag we sanly arabaglanyşygy kämilleşdirmekde hem-de azyk we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde bu maslahatyň ähmiýeti nygtalýar. Türkmenistan geografiki taýdan Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşse-de, deňze çykalgasy bolmadyk döwlet hasaplanýar. Hazar deňziniň halkara suwlara, ummanlara çykalgasy ýok. Birleşen Milletler Guramasynyň sanawyna görä... Читать дальше...

Azathabar.com 

Tramp býujet işgärleriniň sanyny kemeltmegi tabşyrdy

Ilon Mask Birleşen Ştatlaryň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hökümet işgärleriniň sanyny kemeltmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat bilen çykyş etdi. Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp çarşenbe güni geçirilen iş maslahatynda federal gulluklarda iş orunlarynyň has-da kemeldilmegini tabşyrdy. Hökümet edaralaryna iberilen içerki gözükdirijide “iş orunlarynyň ymykly” kemeldilmegi boýunça degişli meýilnamalaryň 13-nji marta çenli tabşyrylmagy talap edilýär. Federal işgärler... Читать дальше...

Azathabar.com 

"Ol türmeden gorkmandy..." 8 ýyl türmä basylan Ruhşona Hakimowa kim?

5-nji fewralda täjik žurnalisti Ruhşona Hakimowa garşy ýapyk kazyýet işinde çykarylan agyr höküm täjik jemgyýetini haýran galdyrdy. Iki ýaş çaganyň ejesine günä bildirilen badyna tussag astyna alyndy. Azatlyk Aziýanyň redaksiýasy žurnalistiň garyndaşlary, kärdeşleri we tanyşlary bilen söhbetdeş boldy. Ruhşona döwlete dönüklikde aýyplanyp, 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. "Meniň gyzym nähili?" «Mydama meniň gyzym ol ýerde nähilikä diýip oýlanýaryn. Onuň gyzlary has beter ejir çekýärler. Uly çagasy ejesinden aýralygy agyr geçirer öýtdüm... Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus