Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

“Euronews” türkmen metbugaty bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär

“Euronews” habarlar teleýaýlymynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid ýerli mediaplatformalar bilen hyzmatdaşlyk etmek we ýurduň medeni mirasy bilen tanyşmak üçin  Türkmenistana sapar etmekçi bolýar.


“Biznes Türkmenistan” neşiri bu maglumaty onuň Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow bilen 18-nji fewralda bolan duşuşygynda aýdan sözlerine salgylanyp berdi.


Türkmen diplomaty oňa öz ýurdunyň media babatyndaky halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge çalyşýandygyny aýdypdyr. Şeýle-de, türkmen diplomaty Türkmenistanda metbugat wekilleri üçin geçirilýän brifingler we Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary berkitmek üçin edilýän tagallalar barada gürrüň beripdir.


Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, taraplar hyzmatdaşlyk ugurlaryny, möhüm wakalary köpçülige ýetirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.


“Euronews” habarlar teleýaýlymy Türkmenistany özüniň "Explore", "Cult" we "Meet the Locals" atly gepleşikleriniň maksatnamalaryna goşmaga taýýardygyny aýtdy.


Ýewropanyň 1993-nji ýylda döredilen “Euronews” habarlar teleýaýlymy 19 dilde gepleşik berýär.


1,2 milliard adamlyk auditoriýasy bolan we baş edara binasy Fransiýanyň Lion şäherinde ýerleşýän neşiriň 29 million çemesi hemişelik tomaşaçysy bar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus