Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

MA ýurtlarynyň DI ministrleriniň orunbasarlary ÝB wekilleri bilen maslahat geçirdi

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 19-njy fewralda ÝB wekilleri bilen wideo arkaly geçiren iş duşuşygyna türkmen tarapyndan ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa gatnaşdy.


Taraplar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, türkmen metbugaty habar berdi.


Duşuşyga gatnaşyjylaryň şu ýylyň mart we aprel aýlarynda, “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” görnüşinde geçiriljek duşuşyklar bilen bagly guramaçylyk meselelerini jikme-jik gözden geçirendikleri aýdylýar.


Şeýle-de, habarda olaryň Merkezi Aziýa bilen ÝB arasyndaky gatnaşyklaryň iň ýokary derejede işjeňleşýändigini belländigi aýdylýar.


Ozal habar belişi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hemmesiniň tankyt edilýän we gynandyryjy ýagdaýy, adam hukuklary meseleleri sammitiň gün tertibine girizilen meseleleriň biri bolup bilmedi.


Adam hukuklary ýagdaýyny gowulaşdyrmak meselesi soňky ýyllara çenli ÝB-niň sebitdäki ýurtlar, hususan-da Türkmenistan bilen özara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin goýýan esasy şertleriniň biri bolýardy. Ýöne soňky ýyllarda bu mesele kem-kemden yzdaky orunlara geçirilip başlandy.


“Biz bulam-bujarlyk we bölünişik dünýäsinde ýaşaýarys, bu ýerde ÝB üçin ýeke-täk çözgüt parahatçylygyň we abadançylygyň hatyrasyna gurulýan hyzmatdaşlygy güýçlendirmek bolup durýar. Köp polýarly dünýäde has işjeň we anyk maksatly hyzmatdaşlyk zerur. Ilkinji ÝB-Merkezi Aziýa sammiti, halkara hukugyna doly hormat goýmak bilen, parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin bilelikde işlemek baradaky borçnamamyzy güýçlendirer" diýip, Ýewropa geňeşiniň prezidenti António Kosta aýtdy.


ÝB-niň Özbegistandaky wekiliýetiniň metbugat gullugy sammitiň 3-4-nji aprelde geçiriljekdigini habar berdi. Sammite taýýarlyk meseleleri 20-nji martda Aşgabatda geçiriljek ministrler ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşylar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus