Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýyş jaýlaryň ençemesinde birnäçe günläp agyz suwy ýok. Käbir etraplarda ýörite ulaglar bilen daşalýan suw günde bir gezek paýlanýan bolsa, başga ýerlerde ilat öz suw üpjünçiligini özbaşdak berjaý etmeli bolýar.
Türkmenbaşyda ýaşaýyş jaýlaryň suw üpjünçiligi 12-nji ýanwarda kesilipdir. Azatlygyň Balkandaky habarçysy 15-nji ýanwarda suwuň henizem ýokdugyny we bu ýagdaýyň 1, 2, 3, 4-nji kiçi etrapçalarda, şäheriň merkezi etrapçalarynda we il içinde "Janga" atlandyrylýan... Читать дальше...