Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Январь
2025
1
4
11
12
18
19
26

Новости за 31.01.2025

Azathabar.com 

Aşgabadyň banklarynda aýal-gyzlardan ýaşyl reňkdäki milli geýimi geýmek talap edilýär

Aşgabatda häkimiýetler bank pudagynyň ähli zenan işgärleri üçin birmeňzeş reňkdäki milli eşigi geýmek talabyny güýje girizdiler. Talaby berjaý etmediklere işden çykarylmak we jaýlarynyň ellerinden alynmak howpy abanýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 31-nji ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi. “Paýtagtda Türkmenistanyň ähli döwlet we paýdarlar täjirçilik banklarynyň işgärlerinden, has dogrusy aýal-gyzlardan döşi ýapyk ýakaly, ýaşyl reňkde köýnek geýmek talap edilýär. Olar onuň üstünde-de ýaşyl reňkde kürte geýmeli” diýip... Читать дальше...

Azathabar.com 

S.Türkmenbaşy etraby-Daşoguz arasynda sürüjiniň 'häkimi ozup geçmegi' minibus gatnawyna täsir etdi

Daşoguz şäherinden etraplara gatnaýan ugurlaryň käbirinde minibuslaryň gatnawy doly kesildi. Azatlygyň habarçysy Daşoguzdan Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyna gatnaýan minibuslaryň duçar bolan bu gadagançylygynyň sebäplerini anyklady. Daşoguz-Saparmyrat Türkmenbaşy aralygynda hereket edýän minibuslaryň gatnawy ýanwaryň başyndan bes edilipdir. Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeler bu gadagançylyga welaýat häkiminiň ýol hereketine degişli bir ýagdaýdan nägile bolmagy bilen baglydygyny gürrüň berdiler. Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşgabadyň häkimiýetleri zibil dörýän raýatlary çelekleriň ýanyndan kowýar

Aşgabadyň häkimiýetleri şäherdäki zir-zibil dökülýän çelekleriň daş-töweregine gözegçiligi ýene güýçlendirdi. Bu ýerlerde nobatçylyk çekýän paýtagtyň arassaçylyk gullugynyň işgärleri azyk gözleginde zibil dörmäge gelen raýatlary kowýarlar. Bu waka, ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, paýtagtda we welaýatlarda zibil dörýän adamlaryň köpelýändigi barada Azatlyk Radiosyna yzly-yzyna gelip gowşan maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi. “Şu günler Jemagat hojalygy müdirligine degişli... Читать дальше...

Azathabar.com 

“Türkmen Howaýollary” Moskwa uçuçlaryny mart aýyna çenli dikeltmez

“Türkmen Howaýollary” Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky uçar gatnawlarynyň togtadylan möhletini mart aýyna çenli uzaltdy diýip, INTERFAX.RU 31-nji ýanwarda habar berdi. Bu gatnawlar Azerbaýjanyň Russiýa gatnaýan ýolagçy uçary heläkçilige uçranyndan soň togtadylypdy. Awiakompaniýa rus neşirine "Moskwa gatnawlarynyň fewral aýynda togtadylandygyny" aýtdy, ýöne uçuşlaryň togtadylmagynyň sebäbini düşündirmedi. “Türkmen Howaýollary” Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky uçar gatnawlaryny geçen ýylyň aýagynda togtatdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkiýede alkogoldan ölen özbek raýatlarynyň sany 23-e ýetdi

Türkiýede bikanun ýagdaýda öndürilen spirtli içgilerden ölen özbek raýatlarynyň sany 30-njy ýanwara çenli, iki aýal bilen birlikde, 23 adama ýetdi diýip, Özbegistanyň Stambuldaky baş konsullygy habar berdi. Mundan öň, 17-nji ýanwara çenli, özbek raýatlarynyň 17 sanysynyň heläk bolandygy aýdylypdy. Diplomatik missiýa, Daşary işler ministrligi we Daşarky zähmet migrasiýasy gullugy bilen bilelikde, pida bolanlaryň ählisiniň jesetleriniň watanyna eltmegine konsullyk, hukuk we guramaçylyk kömegini berdi diýip, beýanatda aýdylýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti ABŞ-nyň prezidentine gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa ýurduň Waşington şäheriniň Ronald Reýgan howa menziliniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet baştutany şu agyr pursatda, Türkmenistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär. ABŞ-nyň Federal... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen ministrligi ýene 32 desganyň satylýandygyny aýdýar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 32 desgany satmak boýunça bäsleşikli söwdanyň geçirilýändigini yglan etdi. “Biznes Türkmenistan” hususylaşdyrmaga degişli döwlet emläkleriniň sanawynyň “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilendigini, bäsleşikli söwdanyň 20-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiriljekdiginihabar berýär. Bäsleşikli söwda çykaryljak iri desgalaryň arasynda Lebap sebitiniň Berzen geňeşliginiň Hendekli obasynda ýerleşýän, meýdany 3 müň 967 inedördül metr bolan kerpiç zawody... Читать дальше...

Azathabar.com 

«Çagany ejesinde galdyrmak – biziň däbimize ýat». D.Kawkazda ärinden aýrylyşan aýallar çagalaryna hossarlyk hukugyny ýitirýärler

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz respublikalarynda musulman aýallar ärinden aýrylyşsalar, täzeden durmuşa çyksalar ýa-da adamsy ýogalyp dul galsa, köplenç halatda çagalaryna hossarlyk hukugyny ýitirýärler. Sannet (aýalyň haýyşy boýunça ady üýtgedildi) ikinji gezek durmuşa çykanda, 12 ýaşa ýetmedik iki çagasyna hossarlyk hukugyny ýitirdi. Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz sebitindäki Inguşystanyň kazyýeti geçen ýyl ol aýalyň birinji adamsynyň bähbidine karar çykardy hem onuň çagalarynyň öweý kakasy tarapyndan... Читать дальше...




Azathabar.com 

Belgraddan Nowi Sada ýöriş edýän studentler korrupsiýa garşy başlan basyşlaryny dowam etdirýärler

Belgraddan Nowi Sad şäherine tarap ýöriş edýän ýüzlerçe serb studenti, demirýol menziliniň çöken üçeginiň döreden heläkçiligine protest bildirip, 31-nji ýanwarda Nowi Sad şäherine gelip ýetjekdiklerini aýtdylar. Olar heläkçiligiň ýurtda çuň kök uran korrupsiýa netijesinde bolup, adam heläkçiligine getirendigini aýdýarlar. Iki şäheriň arasyndaky 80 kilometr çemesi aralygy öz içine alýan ýöriş 1-nji noýabrda çöken üçegiň ýerleşen serb şäherinde, agşamlyk tamamlanmaly. Ol üçegiň çökmegi 15 adamyň ölümine... Читать дальше...

Azathabar.com 

Potomak derýasyndan heläkçilige uçran uçaryň gara gutulary tapyldy

NYT uçar heläkçiligi wagtynda howa hereketini dolandyryjylaryň ýetmezçilik edendigini habar berdi. “Amerikan Howaýollarynyň” 29-njy ýanwar agşamy Waşingtonyň howa menziliniň golaýynda harby dikuçar bilen çakyşan ýolagçy uçarynyň uçuş maglumatlarynyň ýazgysy we ses ýazgysy tapyldy diýip, ABC News çeşmä salgylanyp habar berdi. Gara gutular ABŞ-daky awiasiýa hadysalaryny derňeýän Milli transport howpsuzlyk geňeşine iberildi. Transport howpsuzlygy geňeşi ýazgylaryň edaranyň laboratoriýasyna gowşurylandygyny tassyklady. Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus