Meşhur gazak ýazyjy Muhtar Magauin aradan çykdy
Gazak ýazyjysy, taryhy eserleriň awtory, dil üstünden aýdylýan gadymy gazak poeziýasynyň barlagçysy Muhtar Magauin aradan çykdy. Ol 84 ýaşyndady. Soňky ýyllarda daşary ýurtda ýaşaýan prozaçy ýazyjynyň ölümi ogly Ýedige Magauin tarapyndan Facebook’da yglan edildi. Ýedige Magauin: "Meniň kakam 2025-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda, ýerli wagt bilen sagat 19:55-de (Gazagystan wagty bilen 10-njy ýanwar, sagat 05:55) ABŞ-nyň Merilend ştatynda öz öýünde, maşgalasynyň arasynda, bu dünýäden bakylyga gaýtdy” diýip ýazdy. Читать дальше...