Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tähranda içalyçylykda aýyplanan Şweýsariýanyň raýaty Eýranyň türmesinde öldi

Tähran tarapyndan içalyçylykda aýyplanan şweýsariýaly raýat Eýranyň türmesinde öli tapyldy. Eýranyň resmileri onuň öz janyna kast edendigi aýdýarlar.


Eýranyň kazyýet ulgamy bilen ilteşikli “Mizan” habar websaýty “howpsuzlyk gulluklary tarapyndan içalyçylykda tussag edilen we kazyýet işi dowam eden” Şweýsariýanyň raýatynyň 9-njy ýanwarda ýurduň gündogarynda ýerleşýän Semnan şäherindäki türmede öz janyna kast edendigini aýdýar.


Şweýsariýanyň Daşary işler ministrligi Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna elektron poçta arkaly iberen hatynda Şweýsariýanyň ýagdaýdan habarlydygyny we has giňişleýin maglumat almaga çalyşýandygyny tassyklady.


“FDFA (Şweýsariýanyň Daşary işler ministrligi) Şweýsariýanyň raýatynyň Eýranda ölendigini tassyklaýar. Şweýsariýanyň Tährandaky ilçihanasy Eýranyň türmesindäki ölüm ýagdaýlaryny anyklamak üçin ýerli häkimiýetler bilen aragatnaşyk saklaýar. diýip, ministrligiň metbugat sekretary Pýer-Alain Eltsçinger (Pierre-Alain Eltschinger) aýtdy.


Mizan, Semnan welaýatynyň baş kazysy Muhammet Sadek Akbariniň sözlerine salgylanyp, Şweýsariýanyň raýatynyň başga bir tussag bilen kamerada saklanandygyny we onuň beýleki bendiniň kamerada ýok wagtynda öz janyny kast edendigini ýazýar.


Akbari derňew işleriniň geçirilýändigini aýdyp, Şweýsariýanyň raýatynyň şahsyýeti baradaky ýa-da beýleki maglumatlary bermeýär.


Şweýsariýanyň raýatyna bildirilýän aýyplamalar barada hem jikme-jik maglumat äşgär edilmeýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus