Türkmenistanlylar Stambulda alkogolly içgi ýasap satdy, adam öldi
Habaryň çykan wagtyna çenli hassahana 38 adamyň ýerleşdirilendigi aýdylýar.
Türkmenistanyň raýatlary Agajan Bäşimowyň, Rahmatulla Artykowyň we Rawşana Seýitnyýazowanyň ýogalandygy anyklandy (atlaryň we familiýalaryň ýazylyşynda ýalňyşlyklar bolup biler).
Bulardan başga, Myrat P., Myrat S. we Allaýar A. ýasama spirtli içgileri içmekde güman edilip, lukmançylyk edaralarynda saklanýar.
Neşir Stambulyň Ziýa Gökalp etrabynda spirtli içgileri satmak bilen meşgullanan türkmen raýatlary Agajan O. we Amanguly D. dagynyň ýasama spirtli içgileri öndürmekde we satmakda güman edilýändigini, olaryň tussag edilendigini habar berdi.