Aşgabadyň eteginde ýerleşýän, ilat arasynda “Gul bazary” atlandyrylýan nokat paýtagtyň köp ýaşaýjysy üçin gazanç etmegiň ýeke-täk çeşmesi bolup durýar. Bu ýere günlük işiň gözleginde günde ençeme adam ýygnanýar diýip, garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” 22-nji awgustda habar berdi. Bu habar, Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň fonunda, ilat arasynda işsizligiň güýçlenen, raýatlaryň gazanç gözleginde daşary ýurtlara köpçülikleýin gitmäge synanyşýan döwrüne gabat gelýär.... Читать дальше...
Türkmen häkimiýetleri aýal-gyzlaryň daş keşbine gözegçiligi gaýtadan güýçlendirýär. Günbatar Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde aýal-gyzlara gysga saç gadagan edilýär, saç boýaglary çäklendirilýär, durmuşa çykýan gyzlaryň gelin toýlaryndaky daş keşbi standartlaşdyrylýar.
21-nji awgustda Mary welaýatynyň merkezi şäherinde ýerleşýän “Lälezar” bazarynda ýangyn döredi. Wakada bazardaky azyndan ýedi dükan doly diýen ýandy, ýöne adam pidasy bolmady. 24-nji awgustda gaýtadan açylan bazarda sebitiň kanun goraýjy we howpsuzlyk işgärleri gözegçiligi ýiti güýçlendirdiler.
Türkmen häkimiýetleri on ýyldan gowrak wagt bäri azatlykdan mahrum edilen adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Mansur Mingelowy boşatmak meselesine sereder. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili BMG-nyň jyns taýdan kemsitmeleri ýok etmek baradaky komitetiniň Türkmenistandaky ýagdaýa bagyşlanan maslahatynda aýtdy. Türkmenistanda ýaşaýan buluçlaryň hukuklary ugrunda göreş alyp baran Mansur Mingelow 2012-nji ýylda ençeme aýyplama esasynda 22 ýyllyk azatlykdan mahrum edildi. Mingelowa... Читать дальше...
Aşgabatda ýaşaýjylaryň ençemesi neşe maddalarynyň täsirine meňzeş duýgulary döredýän garyndalary içýän ýaşlaryň göz-görtele köpelýändigini aýdyp, bu ýagdaýa alada bildirýär. Olar bu ýaşlaryň hem özlerine, hem-de jemgyýete howp abandyrýandygyny aýdýarlar.
Mary welaýatynyň ýaşaýjysy, 60 ýaşlaryndaky Annagül daýza öý internetiniň haýal tizliginiň ýokarlandyrylmagyny haýyş edip, döwlet edaralaryna, şol sanda ýerli aragatnaşyk kärhanasyna we häkimlige ýüz tutanda, megerem, özüne bu haýyşy ýerine ýetirmekligiň mümkin däldiginiň aýdyljagyndan bihabardy.
Türkmenistanyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagyna sanlyja gün galdy. Şu günler Balkan welaýatynyň çagalar baglary ene-atalaryň ellerine körpeleriň 1-nji sentýabrda ýanlary bilen getirmeli esbaplarynyň we harytlarynyň sanawyny gowşurýarlar. Ene-atalaryň ençemesi çagalar baglarynyň özlerinden edýän talaplarynyň ýyl-ýyldan artýandygyny aýdyp, sanawa nägilelik bildirýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy sanawyň çagalar baglarynyň körpeleri mekdebe taýýarlaýan... Читать дальше...
Türkmen häkimiýetleri aýal-gyzlaryň daş keşbine gözegçiligi gaýtadan güýçlendirýär. Günbatar Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde aýal-gyzlara gysga saç gadagan edilýär, saç boýaglary çäklendirilýär, durmuşa çykýan gyzlaryň gelin toýlaryndaky daş keşbi standartlaşdyrylýar. Şeýle-de, dodaklaryna botoks etdiren we saçlaryny açyk reňke boýadyp, emeli kirpik ýa-da dyrnak goýduran zenanlar yzarlanýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna görä, aýal-gyzlaryň daş keşbini gözegçilikde saklamak çäreleri soňky... Читать дальше...
Eýranyň kazyýet ulgamy tanymal estrada aýdymçysy Mehdi Ýarrahä garşy anyklaşdyrylmadyk jenaýat işini açdy. Kazyýet 27-nji awgustda "Yslam jemgyýetiniň ahlagyna we däp-dessurlaryna garşy gelýän bikanun aýdym sebäpli kazyýet işiniň açylandygyny" aýtdy. Ýarrahi 25-nji awgustda aýal-gyzlary hökmany baş örtülerini aýyrmaga çagyrýan “Siziň baş örtiňiz” atly aýdym çykardy. Aýdymyň wideosynda baş örtüli aýallaryň tans edişi görkezilýär. Ýarrahiniň haýsy jenaýat aýyplamasy bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigi entek belli däl. Читать дальше...
Türkmenistanda döwlet garaşsyzlygynyň nobatdaky senesine gabat gurnalýan köpçülikleýin mejbury çärelerine gatnaşdyrmak üçin, welaýatlardan býujet işgärlerini Aşgabada getirýärler. 27-nji sentýabrda belleniljek ýurt garaşsyzlygynyň 32-nji ýyl dönümi bilen bagly taýýarlyk işleri, şol sanda marşirowkalar hem ýaýbaňlanýar. “Balkanda howpsuzlyk gulluklary Aşgabatdaky şowhunly dabaralarda, şol sanda konsertlerde çykyş etmeli medeniýet we sungat işgärlerini barlaýarlar. Bizden, adatça bolşy, üç arka maglumatlary soralýar. Читать дальше...
Täjigistanda agyr ýagan ýagyşdan soň gelen silde azyndan 13 adam öldi diýip, Merkezi Aziýa döwletiniň Adatdan daşary ýagdaýlar komiteti 28-nji awgustda habar berdi. Bu waka paýtagt Duşenbäniň gündogaryndaky we günortasyndaky Wahdat we Rudaki etraplarynda boldy. Häkimiýetler tupan we güýçli ýagyş netijesinde dörän suw joşmalarynyň ýollara hem zyýan ýetirendigini aýtdylar. Komitet ýer süýşmesi howpunyň ýokary bolmagynda galýandygyny aýtdy. Prezident edarasynyň habaryna görä, prezident Emomali... Читать дальше...
Russiýa Federasiýasynyň Derňew komiteti Twer sebitinde bolan uçar heläkçiliginde ölen on adamyň ählisiniň şahsyýetiniň kesgitlenendigini habar berdi. Agentligiň maglumatyna görä, "olar uçuş sahypasynda görkezilen sanawa laýyk gelýär". Şu wagta çenli Ýewgeniý Prigožiniň ölendigi barada resmi tassyklama ýokdy. Telekeçiniň ölümi mundan öň resmi gurama, “Rosawiasiýa”, Federal howa transport gullugy tarapyndan gytaklaýyn tassyk edildi. Agentligiň maglumatyna görä, ýolagçy sanawynda Prigožiniň we... Читать дальше...
Russiýa öten agşam Moskwanyň etraplarynyň birine we günbatar Brýansk sebitine aralaşan pilotsyz uçarlary urup ýykdy diýip, häkimiýetler 28-nji awgustda aýtdylar. Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin pilotsyz uçaryň paýtagtyň Lýubertsi etrabynda urlup ýykylandygyny, çekilen ýitginiň ýa-da zyýanyň bolmandygyny aýtdy. Moskwanyň iki howa menzili, Domodedowo we Wnukowo öz işlerini bir sagat töweregi togtatmaly boldy diýip, Sobýanin sözüniň üstüni ýetirdi. Russiýanyň Goranmak ministrligi howa goragy... Читать дальше...
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek desgalaryň taslamalary bilen tanşyp, bu şäheriň Köpetdagyň belent gerişleriniň birinde ýazyljak adynyň uzaklardan görünmelidigini aýtdy. Türkmen metbugaty öňki prezidentiň bu ýerde guruljak muzeýiň we baş metjidiň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we şekil taslamalary bilen tanşandygyny, Arkadag şäheriniň Köpetdagyň belent gerişleriniň birinde ýerleşdiriljek adynyň... Читать дальше...
“Uzgaztreýd” we “Turkmengaz” döwlet konserni Özbegistana eksport edilýän türkmen gazyny ýylda 2 milliard kub metre çenli köpeltmek baradaky ylalaşyga geldi diýip, türkmen metbugaty özbek metbugatyna salgylanyp habar berýär. Bu ylalaşyk Aşgabatda, türkmen hökümetiniň başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Amanow bilen Özbegistanyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda gazanyldy diýiip, “Uzdaily” habar berýär. Iki ýurduň... Читать дальше...
Daniýa häkimiýetleri Gurhan, Injil we Töwrat ýaly mukaddes kitaplaryň köpçülikde ýakylmagy ýa-da başga görnüşde basgylanmagy üçin jenaýat jogapkärçiligine çeker diýip, ýurduň adalat ministri Piter Hummelgaard 25-nji awgustda aýtdy. Bu karar Daniýada birnäçe gezek Gurhan otlanyp, musulman ýurtlarynda gurnalan gazaply protestlerden soň kabul edildi. Ministriň sözlerine görä, bu hili hereketler üçin iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berler. Ol mukaddes kitaplary masgaralamak bilen bagly... Читать дальше...