Türkmenistanda gowaça we şaly ekilen meýdanlarda ösüş suwlaryny tutmak we ideg işleri dowam edýän mahaly, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň kärendeçileri ekerançylyk suwlarynyň ýiti ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu bökdençlik kärendeçi daýhanlaryň arasynda dawa-jenjeliň ýygy-ýygydan ýüze çykmagyna getirýär. “Howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusa golaýlaýan şu günlerde gowaçanyň ösüşi üçin uly mukdarda suw gerek bolýar. Ýöne ýaplarda suw ýok. Şaly meýdanlaryny suwarmaga hem suw ýetmeýär. Читать дальше...
Türkmenistanyň gündogar sebiti Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary mundan beýläk daşary ýurt pasportyny diňe indiki ýyl alyp bilerler. Sebitiň migrasiýa gulluklarynda şu günler raýatlara täze ýyldan soň ýüz tutmak maslahat berilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda daşary ýurt pasportlarynyň berilmegi bilen baglanyşykly aladalar hasam güýçlenipdir. Ýerli migrasiýa gullugynda pasport almak isleýänleriň uly nobatlary saklanýarka, täze ýüz tutýanlara bäş aýdan soň ýüzlenmäge synanyşmak maslahat berilýär. Читать дальше...
7-nji awgustda Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde ýüzlerçe adam azyk ýetmezçiligine garşy protest geçirip, şäher häkimi bilen dawalaşdy. Bu barada sebitden habarçymyz maglumat berdi. Nägilelik çäresi ýurduň ýolbaşçy düzüminiň, şol sanda prezidentiň golaýdaky Awaza zolagyna dynç alşa gelen döwrüne gabat geçdi. Duşenbe güni ir sagat sekizlerde esasan aýal maşgalalardan ybarat ýüzlerçe adam şäher häkimliginiň binasynyň öňünde toplandy. Olar fewraldan bäri un, ýag ýaly azyk paýlarynyň berilmeýändigine nägilelik bildirip... Читать дальше...
Eýranyň saglyk syýahatçylygy babatynda türkmenleriň arasyndaky meşhurlygy artýar. Soňky döwürde saglygyna seretdirmek üçin Eýrana sapar edýän türkmenleriň sanynyň göz-görtele artandygyny synlasa bolýar. Näsaglar munuň sebäbini Türkmenistanda saglyk hyzmatlarynyň hiliniň juda pes bolmagy bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we türkmenistanly näsaglar 7-nji awgustda gürrüň berdiler. Türkmenistanly näsaglar esasan Maşat şäherindäki saglyk edaralarynda bejergi alýarlar. Читать дальше...
Täjigistanyň günortasyndaky Kulob şäherinde bolan ýol hadysasynda 10 adam, şol sanda bir çaga heläk boldy diýip, ýerli saglyk resmisi 7-nji awgustda Azatlyk radiosynyň Täjik gullugyna aýtdy. Ýerli saglyk müdirliginiň başlygy Şarofiddin Rustamow bu hadysada 11 adamyň ýaraly bolandygyny, olaryň ählisiniň hassahana ýerleşdirilendigini we iki sanysynyň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy. Yzy tirkegli agyr ýük awtoulagy, tormoz näsazlygy sebäpli, 6-njy awgustda şähere ýokary tizlikde girip, birnäçe ulaga we binalara gelip urdy. Читать дальше...
Daşkendiň etrap kazyýeti 4-nji awgustda blogçy we derňewçi žurnalist Abdukodir Mominowy ýedi ýyl üç aý azatlykdan mahrum etdi. Hukuk toparlary bu hökümiň syýasy maksatly aýyplamalar esasynda çykarylandygyny öňe sürýärler. Prokurorlar žurnaliste 11 ýyl iş kesilmegini soradylar. Mominow 8-nji fewralda tussag edildi we kezzaplykda, adamlary talamakda aýyplandy. 33 ýaşly Mominow prezident Şawkat Mirziýoýewiň tanymal tankytçysy bolup, onuň YouTube kanalyndaky “Quzgu” sahypasynyň 247,000 yzarlaýjysy bar. Читать дальше...
2022-nji ýylda Türkiýeden göçüp giden daşary ýurtlularyň 4,8%-ni türkmenistanlylar emele getirýär diýip, DHA (Demirören habar agentligi) neşiri Türkiýäniň Statistika institutyna salgylanyp, 24-nji iýulda habar berdi.
Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň bazarlarynda balyklaryň bahasy gymmatlady. Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda ilatyň maliýe ýagdaýynyň yzygiderli peselmegi bilen, balkanlylaryň ençemesi balyk önümlerini özleriniň hepdelik iýmitine goşup bilmeýändigini aýdýar.
Lebap welaýatynda 26-njy iýulda howanyň temperaturasy gündiz 46 gradusa ýetdi. Sebitde dowam edýän yssy howa energetika desgalaryna agram salýar, saglyk şikaýatlary bilen ýerli hassahanalara ýüz tutýan adamlar köpelýär. Bazarlardaky gök-bakja önümleri yssy howada zaýalanýar.
Täze okuw ýylynyň golaýlamagy bilen mekdep eşiklerini we okuw esbaplaryny edinmegiň ähmiýeti artýar. Bu döwürde ene-atalaryň köpüsinde öz çagalarynyň mekdebe taýýarlygyny berjaý etmek aladasy artýar.
5-nji awgustda prezident Serdar Berdimuhamedow Awaza zolagyna bardy. Munuň bilen bagly, kurort şäherinde we onuň töweregindäki sebitlerde hereket çäklendirildi, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Şeýle-de, emeldarlaryň aýlanaýjak ugurlary boýunça dynç alýan kişi bolýan aktýorlar ýerleşdirildi. “[Şenbe güni] ir bilen Türkmenbaşy şäherinden Awaza gatnaýan awtobuslaryň we taksileriň hereketi çäklendirildi. Kongresler merkezinden ýahta klubuna çenli hiç kime görünmezlik tabşyryldy. Ýahtalary arenda bermek hem gadagan edildi. Читать дальше...
Türkmenistanda aşa yssy howa akymy saklanyp galýan mahaly, onuň ilatyň saglygyna ýetirýän täsirleri barada maglumatlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Şu günler Mary welaýatynda adaty raýatlardan başga-da, polisiýa işgärleriniň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşyp, hassahanalara ýüz tutmagy bilen bagly ýagdaýlar göz-görtele köpeldi.
Aşgabadyň ýaşaýjylary öýsüz haýwanlaryň rehimsiz tutulmagyny we ýok edilmegini bes etmek üçin köpçülik bolup, ýurduň häkimiýetlerine ýüz tutdular. Arza prezident Serdar Berdimuhamedowa, Aşgabadyň häkimligine, Arhitektura we Gurluşyk ministrliginiň jemagat hyzmatlary bölümine, şeýle hem Döwlet weterinariýa gullugyna iberildi. Raýatlaryň ýüzlenmesiniň tekstini “Turkmen.news” garaşsyz onlaýn neşiri çap etdi.
Türkmenistanda soňky birnäçe gün bäri Internet torunyň nurbatlary berk towlanýar, petiklemeleriň gerimi giňeýär. Synçylar häkimiýetleriň Internet petiklemeleri bilen, aslynda, ýurduň ösüşini petikleýändiklerini aýdýarlar.
Gürjüstanyň Şowi şäherinde 3-nji awgustda ýer süýşmesi netijesinde ölenleriň sany 17 adama ýetdi diýip, resmiler 6-njy awgustda aýtdylar. Şypahana şäherinde halas ediş işleriniň dowam edýändigi we azyndan 18 adamyň şindem tapylmaýandygy aýdylýar. Dag kurort şypahanasy bolan Şowide ýollara, köprülere we beýleki infrastruktura ýeten uly zyýan halas ediş işlerine päsgelçilik döretdi. Resmiler 200-den gowrak adamyň ewakuasiýa edilendigini aýtdylar.
Taryh ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Almaz Ýazberdiýew 84 ýaşynda aradan çykdy. Ol Türkmen döwlet medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk we bibliografiýaşynaslyk” kafedrasynyň uly mugallymy bolup işleýärdi diýip, habarda aýdylýar. Sosial ulgamlarda peýda bolan maglumatlarda ýaşuly alymyň haçan we nähili ýagdaýda, haýsy dertden ýogalandygy anyklaşdyrylmaýar. Moskwanyň döwlet medeniýet institutyny tamamlan Almaz Ýazberdiýew Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň... Читать дальше...
Russiýanyň garaşsyz metbugat serişdesi bolan “Mediazona” türmede oturan oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalna ekstremizm aýyplamalary esasynda soňky çykarylan hökümiň, öňki hökümi hem öz içine almak bilen, onuň Russiýanyň iň agyr türme režiminde jemi 19 ýyl oturmaly boljakdygyny aňladýandygyny habar berdi. “Mediazonanyň” 5-nji awgustda beren habaryna görä, Moskwanyň şäher kazyýeti paýtagtdan 250 km gündogarda ýerleşýän jeza koloniýasynda geçiren kazyýet işinde 47 ýaly syýasatçyny beýleki dört aýyplamasyndan boşatdy. Читать дальше...