Hepdäniň wakalaryna gysgaça synymyzy, Türkmenistanda erkin telekeçilige döredilýän emeli kynçylyklar, ‘arkaly’ telekeçiler we ‘hasapsyz’ döwlet serişdeleri, işgärlere berilýän aýlyklar... barada taýýarlan gepleşigimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys.
Ýerli metbugatda telekeçilik “Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji” hökmünde häsiýetlendirilýär, emma ýerli synçylar, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň (TSTB) Türkmenistanda umyt baglanan kanuny telekeçiligi ‘sallançakda bogandygyny’ öňe sürýärler. Bir-birinden habarsyz, aýratynlykda pikirini aýdan raýatlaryň tassyklamagyna görä, TSTB hakykatda döwlet içinde döwlet bolup, iň ýokary wezipeli adamlar tarapyndan goldanylýar... Читать дальше...