Türkmenistanda aşa yssy howa akymy saklanyp galýan mahaly, onuň ilatyň saglygyna ýetirýän täsirleri barada maglumatlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Şu günler Mary welaýatynda adaty raýatlardan başga-da, polisiýa işgärleriniň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşyp, hassahanalara ýüz tutmagy bilen bagly ýagdaýlar göz-görtele köpeldi.