Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Daniýa Gurhany, Injili we Töwraty köpçülikde ýakmagy gadagan edýär

Daniýa häkimiýetleri Gurhan, Injil we Töwrat ýaly mukaddes kitaplaryň köpçülikde ýakylmagy ýa-da başga görnüşde basgylanmagy üçin jenaýat jogapkärçiligine çeker diýip, ýurduň adalat ministri Piter Hummelgaard 25-nji awgustda aýtdy.


Bu karar Daniýada birnäçe gezek Gurhan otlanyp, musulman ýurtlarynda gurnalan gazaply protestlerden soň kabul edildi.


Ministriň sözlerine görä, bu hili hereketler üçin iki ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berler. Ol mukaddes kitaplary masgaralamak bilen bagly hereketleri "Daniýalylaryň daşary ýurtdaky we ýurt içindäki howpsuzlygyna zyýan ýetirýän masgaraçylykly hereket" diýip atlandyrdy.


Daniýanyň daşary işler ministri Lars Rasmussen hem adalat ministrliginiň bu niýetini oňlady.


Häzir Daniýada dine garşy çykyşlar we hereketler üçin jenaýat jogapkärçiligi ýok. Parlament hudaýa dil ýetirilmegi bilen bagly öňden gelýän jenaýat maddasy 2017-nji ýylda ýatyrdy. Şu sebäpden, haýsydyr bir mukaddesligi aýak astyna salmagy niýet edinýän köpçülik çäresi barada polisiýa habar berlen halatynda hem, häkimiýetler ony kanun esasynda gadagan edip bilmeýärler.


Hummelgaard munuň pikir we pikir beýan etmek azatlygyny çäklendirmek bilen baglanyşykly däldigini nygtady. Täze kanun, onuň sözlerine görä, raýatlara öz pikirlerini beýan etmegiň has medeniýetli usullaryny öwretmeli.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus