Türkmenistanda okuwçylary öz mekdeplerinden egin-eşikleri satyn almaga mejbur etmek praktikasy dowam edýär. Käbir welaýatlarda orta mekdep mugallymlary şu günler öz gyz okuwçylaryna jaň edip, olardan bazarlardaky nyrhdan has ýokary bahadan ýaşyl mata satyn almagy talap edýärler. Mekdep ýolbaşçylary tarapyndan hödürlenýän bir köýneklik mata ortaça 30 göterim gymmada düşýär, şeýle bolsa-da, okuwçylar täze okuw ýylyna köýnek tikdirmek üçin bu ýaşyl matany mekdepden satyn almaga mejbur edilýär. "Synp... Читать дальше...
Döwlet dükanlarynda çörek-unuň üstündäki basa-baslykdan tapawutlylykda bazarlarda adam tas göze ilmeýär. Azatlygyň habarçylary Lebap welaýatynyň bazarlarynda şu günler alyjylaryň göz-görtele azalandygyny habar berýärler.
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji iýulda Aşgabatdaky Maslahatlar köşgünde Halk maslahatynyň prezidiumynyň mejlisini geçirip, ýurduň ykdysadyýet we maliýe pudagyndaky käbir meselelere yşarat etdi. Ençeme ýyl bäri ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän ýurdy 15 ýyl dolandyryp, 2022-nji ýylyň martynda wezipeden çekilen we prezident wezipesini ogly Serdar Berdimuhamedowa geçiren öňki döwlet baştutany ýygnananlara ýüzlenip, “döwrüň öňe sürýän möhüm meselelerine öz wagtynda seslenmegiň... Читать дальше...
Türk häkimiýetleriniň ýurtda bikanun ýaşaýan we işleýän migrantlara garşy güýçlendirilen göreşi dowam edýär. Göreşiň çäginde türk polisiýasy ýaşaýyş jaýlaryna, edara-kärhanalara reýdleri geçirýär. Bu aralykda, Türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýeden bir türkmen raýaty deport edildi. Bu barada türk metbugat serişdeleri we türkmenistanly migrantlar habar berýärler. “Nigde welaýat polisiýa bölüminiň geçiren reýdlerinde 729 adam sorag edildi, şeýle-de 83 ulag we 38 kafe barlandy. Читать дальше...
Lebap welaýatynda täze hassahanalary we saglyk merkezlerini gurmak işleri bellenilen möhletden uzaga çekýär. Sebitde 1960-njy ýyllarda ulanylmaga berlen köne hassahanalaryň abatlaýyş işleri lukmanlaryň üstüne ýüklenýär. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 18-nji iýulda gündogar welaýatdan habar berdi.
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň döwlet dükanynda ilata ýeňillikli bahadan paýlanýan uny almagyň üstünde dörän ýakalaşygyň netijesinde bir aýal heläk boldy. Waka bilen bagly dükan satyjysy tussag edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmesi 18-nji iýulda sebitden maglumat berdiler.
Türkmen hökümeti tarapyndan yglan edilen ilat sany köpleri geň galdyrdy. Häkimiýetleriň 16 ýyl garaşdyryp, beren sanlaryna görä, soňky otuz ýylda ýurduň ilaty tas iki esse köpelen bolmaly, emma ýurduň dürli sebitlerindäki ýagdaý ol ýerde ýaşaýanlaryň ep-esli azalandygyny görkezýär.
17-nji iýulda giçlik Aşgabat şäherinde ýene ýel turdy we türkmen paýtagty tozan astynda galdy. Soňky döwürlerde ýygy-ýygydan gaýtalanýan we gum bölejiklerini öz içine alýan tozanly ýel köp adamyň jan saglygyna ýaramaz täsir etdi.
Türkmen oppozisiýasy aktiwist Farhat Meýmankuliýewiň nirededigini anyklap bilmeýär. Türk häkimiýetleri ony maýyň ortalarynda Stambulda tussag etdiler. Oppozisiýa aktiwisti Berdimuhamedowlaryň režimini ýiti tankyt edýärdi we Internetde oňa garşy propaganda alyp barýardy. Meýmankuliýewiň egindeşleri onuň Türkmenistana ekstradisiýa edilmeginden howatyrlanýarlar. Wideo: “Migrant media”
Türkmenistanda adam pidalaryna getiren ýol hadysalarynyň ýene ikisi boldy. Aşgabatda geçen hepde aýrybaşga günlerde we ýerlerde bolan iki ýol heläkçiliginde bir çaga heläk boldy, başga-da bir çaga ýaralandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy we çeşmelerimiz 19-njy iýulda paýtagtdan maglumat berdiler. Ýol heläkçilikleriniň biri 15-nji iýulda agşam sagat 8:30 töwereginde Atamyrat Nyýazow şaýolunuň (öňki Çehow köçesi) ugrunda boldy. Döwlet belgili jemgyýetçilik awtobusy kiçi köçeden Atamyrat Nyýazow şaýoluna geçende... Читать дальше...
Döwlet dükanlarynda çörek-unuň üstündäki basa-baslykdan tapawutlylykda bazarlarda adam tas göze ilmeýär. Azatlygyň habarçylary Lebap welaýatynyň bazarlarynda şu günler alyjylaryň göz-görtele azalandygyny habar berýärler. Gündogar welaýatynda bazarlarda, söwda nokatlarynda we hususy dükanlarda şu günler söwda ýöremeýär, satyn alýan adam tas ýok diýen ýaly. Bu azyk önümleriniň söwdasyna hem degişli. "Telekeçiler söwdä satyk ýatdy, ugry yok diýýärler. Eşik, hojalyk harytlaryny, mebel we beýleki... Читать дальше...
Özbegistanda türme tussaglygyna höküm edilýän adamlaryň sany köpelýär. Ýokary kazyýetiň çap eden hasabatyna laýyklykda, 2019-njy ýyldan 2022-nji ýyla çenli aralykda kazyýetiň karary bilen azatlykdan mahrum edilen adamlaryň sany üç esse köpeldi. 2019-njy ýylda 6,955 adam türme tussaglygyna höküm edilen bolsa, 2022-nji ýylda 17,610 adam azatlykdan mahrum edildi diýip, hasabatda aýdylýar. Soňky dört ýylda ýurtda ýüz urulýan agyr jenaýatlaryň hem sany köpeldi. Mysal üçin, 2019-njy ýylda bilkastdan... Читать дальше...
Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda ýerleşýän towuk fermalarynda guşlar näbelli keselden köpçülikleýin heläk bolýar. Weterinariýa gullugynyň işgärleri keseli anyklap bilmeýändiklerini aýdýarlar. Tejribeli guşçular keselçilige yssy howany sebäpkär hökmünde görkezýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy 18-nji iýulda sebitden habar berdi. Ýerli daýhanlaryň ençemesi guşlaryň arasynda tas bir hepde bäri näbelli bir keseliň ýaýraýandygyny, guşlaryň köpçülikleýin gyrylýandygyny aýdýarlar. Читать дальше...
18-nji iýulda Aşgabatdaky Maslahatlar merkezinde Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi we Halk maslahatynyň prezidiumynyň Halk maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakyndaky kararyna gol çekildi. Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrylyp, Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler. Şeýle-de, bu karar... Читать дальше...
Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji iýulda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň prezidiumynyň Halk maslahatynyň Ýaşulular geňeşini döretmek hakyndaky kararyna gol çekdi. Bu kararyň ýaşululary döwletiň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek, halkyň jebisligini pugtalandyrmakda we döwlet ähmiýetli meseleleri parasatlylyk bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý zähmet hem-de durmuş tejribesini peýdalanmak maksadynda ugur alýandygy aýdylýar. Türkmenistanda ýaşulular garaşsyzlygyň... Читать дальше...
Türkmen metbugaty 18-nji iýulda prezident Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany patyşalygyna iş saparyna ugrandygyny, onuň Jidda şäherinde Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň we Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşjakdygyny habar berdi. Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, saud topragynda 19-njy iýulda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyklaryň gün tertibine sebit derejesindäki döwletara gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri giriziler. Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary... Читать дальше...