Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça baş wekiliniň 2022-nji ýyla degişli hasabaty çap edildi. Ombudsmeniň 2017-nji ýylda bu wezipe döredileli bäri her ýyl çap edýän hasabatynyň nobatdaky sanynda raýatlaryň hukuklarynyň doly berjaý edilýändigi gaýtalandy. Adam hukuklary boýunça baş wekiliniň 3-nji iýulda döwlet metbugatynda çap edilen täze hasabatynda ýurtda kanunyň hökmürowanlygynyň öňki ýyllarda bolşy ýaly doly hormatlanylýandygy we raýatlaryň hukuklarynyň kepillendirilýändigi aýdylýar. Hasabatda... Читать дальше...
Mary welaýatynyň tas ähli etraplarynda prokuratura işgärleri pagtaçy we gallaçy daýhanlaryň kärende ýerlerinde derňewleri geçirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji iýulda sebitden maglumat berdi. Prokuratura işgärleri daýhan birleşikleriň başlyklaryny hem ýanlaryna alyp, daýhanlara bölünip berlen kärende ýerlerinde bugdaýyň we gowaçanyň talaba laýyk ekilendigini ýa ekilmändigini barlaýarlar. “Barlagçylar kärendeçileri hem ekin meýdanlaryna çagyrýarlar. Olar ellerine planşet alyp... Читать дальше...
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän mahaly, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda zähmet çekýän çagalary has köp görse bolýar. Howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusdan aşýan şu günlerde çagalaryň gazanç gözleginde köçelere çykmagyna ýurtda barha agyrlaşýan sosial-ykdysady kynçylyklar sebäp bolýar.
Hazaryň kenarynda dynç alyş möwsüminiň başlanmagynyň yz ýany, Türkmenbaşy şäherinde taksi hyzmatlarynyň tölegleri üç esse töweregi gymmatlady. Şäher içi gatnawlar üç manatdan 10 manada, Türkmenbaşynyň halkara howa menzilinden Awaza syýahatçylyk zolagyna çenli aralyk bolsa, ýolagçy başyna 20 manatdan 60 manada ýokarlandy. Transport nyrhlarynyň göterilmegi ýerli ýaşaýjylar üçin oňaýsyzlyk döretdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji iýulda sebitden maglumat berdi.
29-njy iýunda Türkmenistanda milliardlarça dollarlyk Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy boldy. Oňa adatça bolşy ýaly mejbury ýagdaýda býujetçiler we studentler çekildi. Reuters gullugynyň wideosynda dabaranyň arka sahnasyndan käbir pursatlary synlamak bolýar.