Мы в Telegram
Добавить новость

В Подмосковье готовятся к севу яровых и подкармливают озимые культуры

Площадку под строительство жилья по программе реновации освободили в Люблине

Более 10,5 тыс. профилактических занятий провели с детьми перед началом летних каникул

«Лес будущего» высадят 18 мая в Ленинском округе



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen Ombudsmeni täze hasabatynda raýatlaryň hukuklarynyň doly berjaý edilýändigini gaýtalady

Türkmen Ombudsmeni täze hasabatynda raýatlaryň hukuklarynyň doly berjaý edilýändigini gaýtalady

Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça baş wekiliniň 2022-nji ýyla degişli hasabaty çap edildi. Ombudsmeniň 2017-nji ýylda bu wezipe döredileli bäri her ýyl çap edýän hasabatynyň nobatdaky sanynda raýatlaryň hukuklarynyň doly berjaý edilýändigi gaýtalandy.

Adam hukuklary boýunça baş wekiliniň 3-nji iýulda döwlet metbugatynda çap edilen täze hasabatynda ýurtda kanunyň hökmürowanlygynyň öňki ýyllarda bolşy ýaly doly hormatlanylýandygy we raýatlaryň hukuklarynyň kepillendirilýändigi aýdylýar. Hasabatda "Halkyň Arkadagly zamanasy" şygary astynda geçen 2022-nji ýyl, dürli ugurlarda, şol sanda adam hukuklaryny üpjün etmekde-de gazanylan möhüm netijeler ýyly boldy" diýilýär.

Raýat, syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni hukuklaryň berjaý edilişine, şeýle hem raýatlaryň ýüzlenmelerine seredilişine syn etmäge niýetlenen bu dokumentde ýylyň esasy wakalary hökmünde konstitusiýanyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygynyň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň dabaralanmagy, şeýle-de prezident saýlawlary görkezildi.

Hasabata görä, Ombudsmeniň edarasy tutuş ýylynyň dowamynda raýatlardan diňe 523 sany ýüzlenmäni kabul edipdir.

Maglumata görä, nägilelikler esasan ýaşaýyş jaý kanuny, kazyýetiň kararlaryndan we ýerine ýetirilişinden nägilelik, migrasiýa meseleleri, zähmet kanuny, ýer kanunlary, bilim hukugy, hossarlyk hukugy, kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň nädogry hereketlerinden nägilelikler, günä geçişler, sosial üpjünçilik, saglyk hukugy, bank meseleleri, propiska - hasaba alyş we gaz, elektrik hem suw bilen baglanyşykly meselelere degişli bolupdyr. Arza-şikaýatlaryň köpüsi Aşgabada, iň az sany Ahal welaýatyna degişli bolupdyr.

Şol bir wagtda saýlaw hukuklarynyň bozulmagyna we medeni hukuklaryň depelenmegine degişli raýatlardan hiç hili şikaýatyň bolmandygy bellenýär.

Şeýle-de, hasabatda 2022-nji ýylda Ombudsmeniň edarasyna raýat we syýasy hukuklar bilen baglanyşykly 65 ýazmaça we 27 dilden ýüzlenmäniň edilendigi aýdylýar. "Şikaýatlara kanun düzgünlerine laýyklykda garaldy, şolardan 6 sany ýazmaça we 1 dilden şikaýat kanagatlandyryldy" diýilýär. Şeýle hem, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, raýatlaryň kanun bozulmalary, jenaýat işleri ýa-da gozgalan jenaýat işleri boýunça derňew çärelerinden nägilelik bildirmegi bilen bagly arzalarynyň köpelendigi bellendi.

Ombudsmeniň edarasynyň raýatlaryň şikaýatlary kanagatlandyrmagyna degişli takyk maglumat berilmedi.

Mundan başga hasabatda geçen ýylda daşary ýurtda ýaşaýan daşary ýurt raýatyndan 1 şikaýatyň gelip gowuşandygy we Ombudsmeniň Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän daşary ýurt raýatlarynyň arzalaryna garaýandygy sebäpli şol raýatyň arzasyna seredilmeýändigi aýdylýar.

Ombudsmeniň geçiren işleri bölüminde, tussag edilen aýallaryň we kämillik ýaşyna ýetmedikleriň saklanýan tussaghanalarynda barlaglaryň geçirilendigi habar berildi. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň Marydaky MR-E/13 we aýallaryň Daşoguzdaky DZE/8 tussaghanasynda sanitariýa, saglygy goramak, iýmitlenmek, medeni dynç alyşy we sporty guramak, şeýle hem tussaglaryň ýakynlary bilen duşuşmagy ýaly şertleriniň esasan ýerine ýetirilýändiginiň anyklanandygy hasabatda aýdyldy.

Geçirilen işler we ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada ýyllyk hasabat bermek Ombudsmeniň borjy bolup, 2016-njy ýylyň 23-nji noýabrynda kabul edilen "Ombudsmen barada" kanuna laýyklykda talap edilýär.

Ombudsmen wezipesi ýurduň taryhynda ilkinji gezek 2017-nji ýylyň başynda döredildi. Mejlisiň öňki agzasy Ýazdursun Gurbannazarowa Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili boldy we 2022-nji ýylda täze möhlete saýlandy.

Türkmenistan Ombudsmen institutyny milli kanunlary halkara düzgünlerine laýyklykda kämilleşdirmeginiň bir bölegi hökmünde döredipdi.

Ýurduň adam hukuklary boýunça baş wekiliniň öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmekde garaşsyz bolup, haýsydyr bir döwlet edarasyna hem wezipeli adamlara degişli bolmazlygy göz öňünde tutulýar. Emma adam hukuklaryny goraýjylar iş ýüzünde Ombudsmeniniň Türkmenistanda alyp barýan işleri beýleki kanun goraýjy guramalaryň işine meňzeş bolup, onuň edarasynyň garaşsyz gurluş hökmünde işlemegi imitasiýa diýip atlandyrýarlar.

Milli kanunlarda güwä geçilýän hukuklary depelenen raýatlaryň kömek sorap, Ombudsmene eden ýüzlenmeleri jogapsyz galýar. Adam hukuklaryny goraýan guramalar dini azlyklaryň agzalarynyň yzarlanmagy, türkmen häkimiýetleriniň hereketsizligi sebäpli dokumentsiz galan migrantlaryň dürli problemalary, şeýle hem türkmen türmelerinde ýitirim bolan raýatlaryň ykbaly baradaky edilen şikaýatlaryň jogapsyz galandygyny ençeme gezek habar beripdiler.

Türkmen Ombudsmeniniň ilkinji hasabaty 2018-nji ýylyň tomsunda çap bolupdy. Şol ýylyň dowamynda 439 şikaýatyň hasaba alnandygy aýdylyp, şolardan 90 şikaýat boýunça hukuklary goramak üçin kanuny şertler barada düşündiriş berlendigi we diňe 25-siniň kanagatlandyrylandygy habar berlipdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Суд рассмотрит апелляцию на приговор Игорю Гиркину

Депутат Цивилев ответил на вопрос о штрафах для курьеров-нарушителей ПДД

Оздоровительные лагеря готовятся встретить мытищинских школьников

В Госдуме разрабатывают законопроект о правилах размещения муралов

Музыкальные новости

Благодаря акции МТС Банка реабилитационная помощь в России станет доступнее

Никакой магии! В спортивном прогнозировании не бывает безусловных выигрышных стратегий

"Динамо" вышло на первое место в РПЛ за два тура до финиша

Искусство продвинутого анализа в спортивном прогнозировании

Новости России

Врач рассказала, почему пожилым опасно есть много фруктов

Полиция накрыла казино для пенсионеров в Москве, которое было оборудовано в обычной квартире

В крупных городах жилье стало менее доступным для населения за последние 4 года

Самодельное взрывное устройство обнаружено у входа на станцию метро в Стамбуле

Экология в России и мире

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Работники сервисного локомотивного депо (СЛД) «Чернышевск» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» заняли призовые места в соревнованиях Роспрофжел «Мы вместе»

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Без защиты: как Медведев и Хачанов проиграли свои матчи в Риме

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Moscow.media

Столичные росгвардейцы задержали молодую распространительницу наркотиков

Завершена надвижка моста в Нагатинском затоне

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Депутат Цивилев ответил на вопрос о штрафах для курьеров-нарушителей ПДД

В крупных городах жилье стало менее доступным для населения за последние 4 года

Самодельное взрывное устройство обнаружено у входа на станцию метро в Стамбуле

В Госдуме разрабатывают законопроект о правилах размещения муралов