Hepdäniň wakalaryna gysgaça synymyzy, Türkmenistanyň oba hojalygynda dörän agyr ýagdaý we onuň sebäpleri, mümkin bolan çözgüt baradaky ýörite gepleşigimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys.
Türkmenistanyň prezidenti ýurduň oba hojalygynda we beýleki pudaklarynda emele gelen çylşyrymly ýagdaýy gytaklaýyn tassyklap, hepde aýagyndaky hökümet mejlisinde uly kadr çalşygyny geçirdi. Ýurduň oba hojalyk we daşky gurşaw ministri Allanur Altyýew, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, wezipesinden boşadyldy. Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary bolup işlän Hojamyrat Aşyrmyradowy Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine belledi. Bu sebitiň häkimi Taňryguly Atahallyýew... Читать дальше...
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri yglan edildi. Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhamedowyň prezidente beren hasabatynda aýdylmagyna görä, ilat ýazuwynyň netijeleri, 2022-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň ilatynyň umumy sanynyň 7 million 57 müň 841 adama ýetendigini görkezdi. Bu maglumat döwlet telewideniýesiniň "Watan” habarlary programmasynda ile ýetirildi. Читать дальше...