Мы в Telegram
Добавить новость

Телеканал 360.ru запустил онлайн-игру во вселенной Roblox

АО «Транснефть – Дружба» провело экологические акции

Выездные бригады НИКИ детства осмотрели свыше 4 тысяч пациентов с начала года

Больше 21 авто эвакуировали с Московского вокзала за неправильную парковку

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkiýede bikanun migrantlara garşy reýdler: 'Özümi tikeniň üstünde oturan ýaly duýýaryn'

Türkiýede bikanun migrantlara garşy reýdler: 'Özümi tikeniň üstünde oturan ýaly duýýaryn'

Türk häkimiýetleriniň ýurtda bikanun ýaşaýan we işleýän migrantlara garşy güýçlendirilen göreşi dowam edýär. Göreşiň çäginde türk polisiýasy ýaşaýyş jaýlaryna, edara-kärhanalara reýdleri geçirýär. Bu aralykda, Türkmenistanlylaryň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolan Türkiýeden bir türkmen raýaty deport edildi. Bu barada türk metbugat serişdeleri we türkmenistanly migrantlar habar berýärler.

“Nigde welaýat polisiýa bölüminiň geçiren reýdlerinde 729 adam sorag edildi, şeýle-de 83 ulag we 38 kafe barlandy. Barlaglarda tussag edilen 4 daşary ýurt raýaty Nigdäniň deportasiýa merkezine gowşuryldy” diýlip, “Sondakika” neşiriniň 18-nji iýulda çap eden habarynda aýdylýar.

Türkiýäniň esasy şäherleriniň köçelerinde polisiýanyň ýaşaýjylaryň resminamasyny barlamagy bilen bagly ýagdaýlar hem ýygjamlaşdy.

“Demokrat Kocaeli” neşiriniň 19-njy iýulda çap eden habarynda sebitde geçilen reýdleriň dowamynda saklanan we Kojaeli migrasiýa edarasyna iberilen sekiz bikanun migrantyň deport edilendigi mälim edilýär.

Türk mediasy saklananlaryň we deport edilenleriň haýsy ýurtlaryň raýatlarydygyny anyklaşdyrmaýar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky ynamdar çeşmesi şu hepdäniň başynda bir türkmen raýatynyň Türkmenistana deport edilendigini aýtdy.

“Deport edilen türkmen raýaty Stambulyň awtoýuwalgalarynyň birinde işleýärdi. Ol geçen aý türk polisiýasy tarapyndan tussag edilip, deportasiýa merkezine ýerleşdirilipdi. Onuň Türkiýä işlemäge gelenine dokuz ýyl bolupdy we ol üç ýyldan gowrak wagt bäri bikanun ýaşaýardy we işleýärdi” diýip, türkmen migranty 19-njy iýulda Stambuldan gürrüň berdi.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Türkiýe türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Türkiýe geçen ýyl Aşgabadyň haýyşy esasynda türkmenistanlylar üçin 30 gün wizasyz syýahat düzgünini ýatyrdy. Muňa garamazdan, Türkiýe henizem türkmen raýatlary üçin özüne çekiji ugur bolmagynda galýar.

Şu günler türk polisiýasy daşary ýurtlularyň, şol sanda türkmenleriň ýaşaýan jaýlaryna duýdansyz reýdleri hem geçirýär. Olar öýlere aýlanyp, daşary ýurtlularyň resminamalaryny barlaýarlar. Bu reýdler türk edara-kärhanalaryna hem gurnalýar.

“18-nji iýulda meniň işleýän kärhanama iki polisiýa işgäri duýdansyz gelip, daşary ýurtly işgärleriň resminamalaryny barlady. Meniň bilen başga-da 12 sany daşary ýurtly, şol sanda bir türkmenistanly we iki gazagystanly işleýär. Polisiýa işgärleri, biziň ählimiziň işlemäge rugsatnamamyz bolandygy sebäpli, resminamalarymyzy barlap gitdiler” diýip, Stambuldaky tekstil kärhanalarynyň birinde işleýän türkmenistanly aýtdy.

Aýrybaşga üç türk kärhanasynda bikanun, ýagny işlemäge ygtyýarnamasy bolmazdan zähmet çekýän türkmen migrantlarynyň ýene üçüsi bolsa, öz işleýän ýerlerinde heniz polisiýa barlaglarynyň geçirilmändigini aýtdy. Ýöne olar bu barlaglaryň özlerini juda alada goýýandygyny bellediler.

“Barlaglaryň gerimi güýçleneli bäri, her gün işde özümi tiken üstünde oturan ýaly duýýaryn. Bu ýagdaý, psihikama juda ýaramaz täsir edýär” diýip, türkmenistanly Stambuldaky türkmen konsulhanasynyň biometriki pasportunyň möhletini uzaldyp bermeýändigi sebäpli ne ýaşamaga, ne-de işlemäge ygtyýarnama alyp bilýändigini aýtdy.

Türk Migrasiýa edarasynyň 13-nji iýulda çap eden sanlaryna görä, 209 müňden gowrak türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Ýöne hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň bu görkezijiden ençeme esse köpdügini we olaryň bikanun ýagdaýda ýaşaýandygyny aýdýarlar.

Türkmen hökümeti we metbugat serişdeleri daşary ýurtlarda kanuny ýa bikanun ýagdaýda ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada maglumat bermeýärler.

 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Неонатальный скрининг провели для 22 тысяч детей в Подмосковье с января

Педиатры и врачи узких специализаций. В Крюкове строят новую поликлинику

Жеребьёвка стыковых матчей между клубами РПЛ и Первой лиги состоится 22 мая

Встреча со школьниками по профориентации: «Работа, которая делает меня счастливее»

Музыкальные новости

Появился трейлер исторического детектива «Плевако» с Сергеем Безруковым в роли легендарного российского адвоката  

Применим ли ЦФА для венчура в России?

Минское «Динамо» одолело «Шахтер» на финише 9-го тура чемпионата Беларуси

Концерт волынщиков в музее П.И. Чайковского

Новости России

Паркинг на 499 машино-мест строят в «Первом квартале» Ленинского округа

Порядка 100 автомобилей-нарушителей эвакуировано в Ленинском округе за 5 дней

Московские инфоцентры для туристов приняли около 250 тыс человек с начала года

Встреча со школьниками по профориентации: «Работа, которая делает меня счастливее»

Экология в России и мире

Коломна

ТОП-10 продуктов, необходимых для здоровья щитовидной железы

Выставки индустрии моды в Москве

Мистический Тибет: путеводитель по местам силы от Кажетты Ахметжановой

Спорт в России и мире

Арина Соболенко сняла траур по Кольцову и завела новые романтические отношения

Шнайдер вышла в финал турнира WTA-125 в Париже, обыграв Грачёву

Немец Зверев выбил россиянина Медведева из топ-4 ATP

Экс‑теннисистка Джорджи обвиняется в краже мебели и ковров на €100 тысяч — СМИ

Moscow.media

MONT расширил продуктовую линейку ИБ-решений при поддержке «Сайберпик»

Подтверждена совместимость облачной платформы SpaceVM и операционной системы AlterOS

«Байкал Сервис» стал партнером Премии 2ГИС

На Невском заводе электрического транспорта наградили победителей фестиваля «Транспорт: будущее»











Топ новостей на этот час

Rss.plus






В парках Подмосковья можно зарегистрировать брак в торжественной обстановке

Выездные бригады НИКИ детства осмотрели свыше 4 тысяч пациентов с начала года

Паркинг на 499 машино-мест строят в «Первом квартале» Ленинского округа

Телеканал 360.ru запустил онлайн-игру во вселенной Roblox