ABŞ harbylary amerikan hökümetiniň işgärlerini Hartumdan ewakuasiýa etdi diýip, prezident Jo Baýden 22-nji aprelde aýtdy. Ol Sudanda garşydaş komandirleriň öz arasynda söweşler dowam edýän mahaly, Waşingtonyň bu ýurtdaky ilçihanasynyň işini togtadýandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi. “Sudandaky bu tragiki zorluk eýýäm ýüzlerçe bigünä raýatyň janyny aldy” diýip, Baýden beýanat berdi. “Bu wyždansyzlyk bolýar we bes edilmeli” Beýleki daşary ýurt döwletleri Sudanyň Gyzyl deňiz portunda ewakuasiýa işlerine başlady. Читать дальше...
Ermenistan “Harby gulluk” hakyndaky kanuna üýtgetmeleri we goşmaçalary tassyklap, aýallaryň ýurduň ýaragly güýçlerinde meýletinlik esasynda gulluk etmegine rugsat berdi. Üýtgetmelere laýyklykda, aýallar alty aý möhlet bilen harby gulluk geçip bilýärler we soňundan, eger islegler, bäş ýyllyk şertnama baglaşyp, gullukda galyp bilýärler. Bu üýtgetmeleriň harby gulluga çagyryşyň gyşky möwsüminden öň güýje girmegine garaşylýar. Häzirki wagtda, aýallar ermeni goşunynda diňe şertnama esasynda gulluk edip bilýärler. Читать дальше...
Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sanynda Beýik Seljuk döwleti baradaky söhbetdeşligiň dowamyny diňleýjilerimiziň dykgatyna ýetirýäris. XI asyryň ortalaryndan tas XIII asyra çenli häzirki Türkmenistanyň çägini hem öz içine alan ýüzlerçe müň inedördül kilometrlik territoriýada höküm ýöreden Seljuk döwleti taryhda yz galdyrdy. Taryhy çeşmelere görä, oguz türkmenleriniň kynyk tiresinden bolan seljuklar Togrul begiň we Çagry begiň ýolbaşçylygynda esasy paýtagtlarynyň biri häzirki Türkmenistanyň çägindäki... Читать дальше...