Ermenistan aýallaryň goşunda gulluk etmegine rugsat berýän kanuny kabul etdi
Üýtgetmelere laýyklykda, aýallar alty aý möhlet bilen harby gulluk geçip bilýärler we soňundan, eger islegler, bäş ýyllyk şertnama baglaşyp, gullukda galyp bilýärler.
Bu üýtgetmeleriň harby gulluga çagyryşyň gyşky möwsüminden öň güýje girmegine garaşylýar. Häzirki wagtda, aýallar ermeni goşunynda diňe şertnama esasynda gulluk edip bilýärler.
Ermenistanda harby gulluk 18-27 ýaş aralygyndaky erkekler üçin hökmany bolup durýar.