Budapeşt Ýewropa Komissiýasynyň Wengriýanyň uniwersitetlerine berýän grantlaryny bes etmek baradaky kararyny "kabul ederliksiz we çydap bolmajak" diýip tankytlady. Geçen aý Ýewropa Komissiýasy Wengriýanyň 21 uniwersitetiniň mundan beýläk ÝB-niň "Erasmus" grantynyň maliýe serişdesinden peýdalanmaga hukugynyň bolmajakdygyny aýtdy. Bu grant talyplaryň daşary ýurtdaky hyzmatdaş edaralarda bilim almagyna mümkinçilik döredýär. Şeýle-de, uniwersitetleriň blogyň "Horizon Europe" gözleg alyş-çalyş maksatnamalary... Читать дальше...
Türkmenistanyň günortasyndaky Mary welaýatynda howa - 25 gradusa çenli sowady. Ilatly ýerleriň ençmesinde öýlerde gaz kesildi, suw turbalary doňdy. Köçeleri buz örtdi. Adatdan daşary güýçli aýaz ýerli bazarlaryň söwdasyna, köçe-ýol hereketine täsir ýetirdi. Sowuk howada paýtagtyň ýaşaýyş jaýlaryndaky hem suw turbalary doňdy. "Görogly etrabynda gaz ýok. Balyş Öwez, Hüdük Myradow obalarynda, hatda oba merkezlerinde gaz tas ýok. Adamlar tutuş maşgala bolup, bir otagda odun bilen işleýän peç ýakyp, jan saklaýarlar. Читать дальше...
Belarusda häkimiýetler ýurtdaky başgaça pikirlenýänlere we raýat jemgyýetine garşy basyşlary dowam etdirýän mahaly, 2020-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlarynda awtoritar lider Alýaksandr Lukaşenkanyň garşysyna dalaş eden tanymal belarus aktiwisti Andreý Dzmitryýeu tussag edildi. 12-nji ýanwarda Dzmitryýeunyň kärdeşleri we aklawçysy tanymal syýasatçynyň we "Hawary Praudu" (Hakykaty aýdyň) oppozisiýa hereketiniň öňki egindeş başlygynyň öten agşam tussag edilendigini we häzirki wagtda Minskdäki... Читать дальше...
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kanun çykaryjy häkimiýetiň bir palatadan ybarat ulgama öwrülmegini we has giň ygtyýarlyklary bolan Halk Maslahatyny gaýtadan esaslandyrmagy teklip edýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär. Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň hem-de Mejlisiň deputatlarynyň bilelikdäki ýygnagynda eden çykyşynda “döwrüň ösüp-özgerip barýandygyny nazara alyp... Читать дальше...
Kosowanyň we Serbiýanyň liderleri bilen gepleşikleri geçirmek üçin şu hepde Balkanlara sapar edýän ABŞ-nyň ýokary derejeli diplomaty Derek Çollet Pristina bilen Belgradyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyryş gepleşikleriniň "möhüm pursata" ýetendigini we diplomatiki durgunlygy bes etmegiň wagtynyň gelendigini aýtdy. Çollet, 11-nji ýanwarda Pristinada Kosowanyň premýer-ministri Albin Kurti we beýleki liderler bilen geçiren gepleşiklerinden soň, žurnalistler bilen söhbetdeşlikde Birleşen Ştatlaryň... Читать дальше...
Russiýa koronawirusyň "Omikron" wariantynyň bir görnüşi diýlip atlandyrylýan "Krakeniň" birinji hadysasyny resmi taýdan hasaba aldy diýip, 12-nji ýanwarda "Rospotrebnadzor" döwlet gözegçilik edarasy aýtdy. COVID-19-yň örän ýokuşagan görnüşiniň Russiýanyň Penza sebitinde hasaba alnandygy mälim edildi. 4-nji ýanwarda Bütindünýä saglyk guramasy tarapyndan koronawirusyň bilinýän iň ýokuşagan görnüşi yglan edilen "Kraken" ilkinji gezek geçen ýylyň oktýabrynda Birleşen Ştatlarda hasaba alnypdy. Şondan... Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleninden bäri ilkinji gezek Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrdy. HHR-niň lideri Si Jinping bilen gepleşikleriň dowamynda, "hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň özeni" gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boldy diýilýär. Türkmenistan öz gazyny bu ýurda Merkezi Aziýadan gurlan turbageçiriji bilen eksport edýär. Mundan ozal Bişkek we Pekin türkmen gazyny Gyrgyzystanyň territoriýasyndan geçirip, Hytaýa akdyrmak barada ylalaşypdy. Serdar Berdimuhamedowyň... Читать дальше...