Ýüzlerçe owgan migranty günorta Pakistanyň port şäheri bolan Karaçiniň bir türmesinden boşadyldy diýip, owgan häkimiýetleri 7-nji ýanwarda aýtdy. Boşadylan 524 owgan raýatynyň hatarynda 54 aýal we 97 çaga bar diýip, Yslamabatdaky owgan ilçihanasy aýtdy. Pakistanyň polisiýasy geçen aý Karaçi şäherine kanuny syýahat resminamasy bolmazdan giren azyndan 1200 owgan raýatyny tussag etdi. Gabalan owgan çagalarynyň suratlary onlaýn paýlaşylandan soňra, bu tussag etmeler tankyt edildi. Pakistan ýurtda ýaşaýan owganlary... Читать дальше...
32 ýaşly eýranly erkek adam Germaniýada ölüm howply himiki serişdeler bilen hüjüm planlaşdyrmakda güman edilip, tussag edildi diýip, resmiler 8-nji ýanwarda aýtdy. Polisiýa we prokurorlar bu erkek adamyň we başga-da bir adamyň geçen gije demirgazyk Dortmunyň Kastrop-Rauksel şäherçesinde saklanandygyny aýtdy. Kanun goraýjy edaralaryň bilelikdäki beýanatynda bu adamyň yslam ekstremizminden ruhlanyp, çynlakaý hüjüm planlaşdyrmakda güman edilýändigi we munuň üçin onuň güýçli zäherli maddalar bolan “sianid we ritsin alandygy” aýdylýar.