Türkmenistanda şu ýyl ylmy ugurlar boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjaklaryň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklandy diýip TDH döwlet habar gullugy ýazýar. Maglumata görä, prezidentiň bu barada gol çeken buýrugy ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak bilen "Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak", "ýurduň ykdysadyýetine... Читать дальше...
Eýran sudunyň habaryna görä, 7-nji ýanwarda iki adam Basij güýçleriniň bir agzasyny öldürmekde günäli tapylandan soň jezalandyryldy. "Ruhollah Ajamýanyň şehit bolmagyna sebäp bolan jenaýatyň esasy günäkärleri Muhammet Mahdi Karami we Seýed Muhammet Hosseýni asyldy" diýlip, kazyýet habar gullugy "Mizan" online neşiriniň maglumatynda aýdylýar. Karami we Hosseýni dekabr aýynyň başynda ölüm jezasyna höküm edildi. Ýokary sud 3-nji noýabrda olary Ajamiany öldürmekde aýyplap, ölüm jezasyny tassyklady. Читать дальше...
Geçen ýylyň aýagynda birbada iki 'syýasy tussagyň' azat edilmegi Türkmenistanda onlarça ýyl bäri saklanyp galýan adam hukuklary ýagdaýynyň üýtgemek ähtimallygyna, az hem bolsa, umyt döretdi. Gökdepeli lukman Hursanaý Ismatullaýewa, balkanabatly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýew 12-nji dekabrda bellenilýän Bitaraplyk gününe gabat günäsi geçilen 308 tussagyň arasynda azatlyga çykdy. Emma ýurtdaky ýapyklyk, hususan-da türme, tussaglyk bilen bagly maglumatlaryň ýaşyryn saklanmagy sebäpli, bu iki tussagyň... Читать дальше...