Eýran sudunyň habaryna görä, 7-nji ýanwarda iki adam Basij güýçleriniň bir agzasyny öldürmekde günäli tapylandan soň jezalandyryldy.
"Ruhollah Ajamýanyň şehit bolmagyna sebäp bolan jenaýatyň esasy günäkärleri Muhammet Mahdi Karami we Seýed Muhammet Hosseýni asyldy" diýlip, kazyýet habar gullugy "Mizan" online neşiriniň maglumatynda aýdylýar.
Karami we Hosseýni dekabr aýynyň başynda ölüm jezasyna höküm edildi. Ýokary sud 3-nji noýabrda olary Ajamiany öldürmekde aýyplap, ölüm jezasyny tassyklady.
Prokurorlar 27 ýaşly Ajamýanyň sentýabr aýynda geçirilen demonstrasiýalarda öldürilen Hadis Najafiniň matam çäresine gatnaşanlaryň topary tarapyndan ýalaňaçlanyp, öldürilendigini aýtdylar.
Karami we Hosseýni özüne bildirilýän aýyplamalary ret edip, türmede gynamalara sezewar edilendigini öňe sürdüler.
Bu iki adam öz islegine görä, aklawçy saýlap bilmediler.
Tähranda ýaşaýan aklawçy Muhammet Huseýin Aghasi Karaminiň kakasyna salgylanyp, onuň maşgalasy bilen "soňky gezek" duşuşyp bilendigini aýtdy.
Aghasi suduň oňa Karamä wekilçilik etmäge rugsat bermändigini aýdyp, munuň Ýokary suduň ýolbaşçysynyň ähli tussaglaryň kanun esasynda öz islegine görä aklawçy saýlamaga hukugynyň bardygy barada aýdanlaryna ters gelýänligini belledi.