Budapeşt Ýewropa Komissiýasynyň Wengriýanyň uniwersitetlerine berýän grantlaryny bes etmek baradaky kararyny "kabul ederliksiz we çydap bolmajak" diýip tankytlady.
Geçen aý Ýewropa Komissiýasy Wengriýanyň 21 uniwersitetiniň mundan beýläk ÝB-niň "Erasmus" grantynyň maliýe serişdesinden peýdalanmaga hukugynyň bolmajakdygyny aýtdy. Bu grant talyplaryň daşary ýurtdaky hyzmatdaş edaralarda bilim almagyna mümkinçilik döredýär.
Şeýle-de, uniwersitetleriň blogyň "Horizon Europe" gözleg alyş-çalyş maksatnamalary üçin maliýe serişdesini almaga hukugy bolmaz diýip, ÝK aýty.
Bu karar korrupsiýa aladalary sebäpli ÝB-niň Wengriýa berýän maliýe serişdeleriniň köp taraplaýyn doňdurylmagynyň bir bölegidir.