Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Август
2022

Новости за 15.08.2022

Azathabar.com 

"Kamera, motor!". Aşgabadyň ýaşaýjylary meşhur filmlerden aýdymlary diňlediler

11-nji awgustda Aşgabadyň "Türkmenistan" konsert zalynda geçirilen çärede sowet döwründe döredilen meşhur filmlerden we türkmen kinosynyň klassikasyna öwrülen kartinalardan aýdym-sazlar ýerine ýetirildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär. Tomaşaçylar Tahyr Ataýewiň orkestriniň "Kamera, motor!" - sowet filmleriniň aýdym-sazlary konsertine sabyrsyzlyk bilen garaşyp, özboluşly ideýlara we garaşylmadyk pursatlara we ylhamly çykyşlara tamakin bardylar. Bu adatdakysy ýaly birek-birege... Читать дальше...

Azathabar.com 

Marynyň ýol polisiýasy sürüjilere jerime ýazmak çärelerini ýene güýçlendirdi

Mary welaýatynyň Mary şäheriniň köçelerinde polisiýa gözegçiligi güýçlendi. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri köçelerde topar bolup durup, ýoldan geçýän ulaglary saklaýarlar we sürüjilere köpçülikleýin jerime ýazýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi. Onuň sözlerine görä, bu ýagdaý soňky iki hepde bäri dowam edýär. PÝGG-niň işgärleri irden sagat 7-9 we giçlik sagat 6-7:30 aralygynda köçelerde gözegçiligi güýçlendirýärler. "Her köçede ýol polisiýasynyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Balkanda ýene benzin gytçylygy emele geldi, ýangyjyň gara bazary peýda bolup başlady

Ýangyja baý Türkmenistanyň Balkan welaýatynda geçen hepdäniň ahyrynda awtobenziniň gytçylygy emele geldi. Sebitdäki ýangyç guýujy beketler her bir awtoulag üçin benziniň möçberini 10-20 litr aralygynda çäklendirip başlady.  Munuň yz ýany, özbaşdak benzin söwdasy bilen meşgullanýan taraplar, ýangyjyň gara bazary peýda bolýar. Şol bir wagtda, sebitdäki şäherara we sebitara taksileriň bahasy gymmatlaýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär. “Geçen hepdäniň ahyrlarynda ýene benzin gytçylygy emele geldi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen studentleriniň 400-e golaýy ýurda dolandy. Stambulyň aeroportundaky türkmenistanlylar türk häkimiýetlerinden kömek sorady

Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri watanyna dolanyp bilmeýän türkmenistanlylaryň ýene ýüzlerçesini ýurda getirdiler. Belarusda we Täjigistanda okuwyny tamamlan türkmen studentleriniň 400-e golaýy watanyna dolandy. Bu aralykda, türk metbugaty Türkmenistana dolanmak umydy bilen, Stambulyň aeroportunda garaşýan türkmen raýatlarynyň öz ýurduna gitmek üçin häkimiýetlerden kömek soraýandygyny habar berdi. "13-nji awgustdan 14-nji awgusta geçen gije Belarusyň paýtagty Minsk şäherinden gelen... Читать дальше...

Azathabar.com 

Tähran Ruşdä edilen hüjümde onuň özüni günäkärleýär

Tähran öz ýazan eserleri üçin ençeme baýraga mynasyp bolan ýazyjynyň çynlakaý ýaralanmagyna getiren hüjümde onuň özüniň günäkärdigini aýtsa, Waşington Eýrany döwlet habar beriş serişdeleriniň "bu elhenç hüjüm" babatyndaky “ýigrenji” reaksiýasy sebäpli tankyt edýär. Tähran ýazyjynyň pyçaklanmagy bilen bagly 15-nji awgustda bildiren ilkinji reaksiýasynda Nýu-Ýork ştatynyň günbatar böleginde üç gün ozal bolup geçen hüjüm bilen ol ýa-da beýleki görnüşdäki baglanyşygy “düýbünden” inkär etdi. Ruşdi... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Yslam raýdaşlyk oýunlarynda 10 medal gazandy

Hökümetçi “Arzuwnews” neşiri Türkiýäniň Konýa şäherinde Yslam raýdaşlygy oýunlaryna gatnaşýan türkmen türgenleriniň şu wagta çenli 10 medal gazanandygyny habar berýär. Neşiriň ýazmagyna görä, V Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň ýapylyş dabarasy 19-njy awgustda bolar. Bu oýunlara jemi 56 ýurtdan 4 müňden gowrak türgen gatnaşýar. Türkmenistandan ýaryşa 80 türgen gatnaşýar we olar şu güne çenli 10 medal gazandy. Türkmenistandan gelen agyr atletikaçy zenanlar aýratyn tapawutlandylar. Olaryň tagallasy milli ýygynda 9 altyn... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanda halkara ulag maslahaty geçirilýär

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty öz işine başlady. BMG-niň howandarlygynda, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda guralan foruma 40-a golaý döwletiň, 30-dan gowrak halkara guramasynyň wekiliýetleri gatnaşýar diýip, TDH 15-nji awgustda habar berdi. Şeýle-de, bu çärä BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylary, abraýly halkara, sebit we sebitara guramalarynyň, maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan Döwlet maslahatyna taýýarlanýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow hökümetiň Türkmenistanyň 23-nji sentýabrda geçiriljek Döwlet maslahatyna şu günlerden taýynlyk görmegini tabşyrdy diýp, TDH habar berýär. Ol garaşsyzlygyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere, aýratyn-da, 23-nji sentýabrda geçiriljek Döwlet maslahatyna häzirden gowy taýýarlyk görülmelidigini belledi. "Maslahatda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerine serederis, şoňa görä-de, bu maslahaty ýokary derejede we guramaçylykly... Читать дальше...




Azathabar.com 

Ýerewan bazarynda turan ýangynda azyndan alty adam öldi, 16 adam tapylmaýar

Ýangyn söndürijiler Ýerewanyň uly bazarynda bir gün ozal bolan partlama esasynda dörän ýangyna garşy göreşýärler, ýangyn azyndan alty adamyň ölmegine, onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy. Ermenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň resmisi Gary Armaganýanyň sözlerine görä, bu ýerdäki halas ediş işleri 15-nji awgustda hem dowam etdirildi, 16 adam şindi hem tapylmaýar. "Häzirki wagtda ýangyn söndüriş we gözleg, halas ediş işleri dowam edýär, ýangyn entek doly öçürilmedi, gözleg işleri dowam etdirilýär" diýip... Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus