Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Август
2022

Новости за 12.08.2022

Azathabar.com 

Ýazyjy Salman Ruşdi Nýu-Ýorkda çykyş etjek sahnasynda pyçaklandy

Eýran režiminiň yglan eden ölüm fetwasy zerarly ençeme ýyl gizlenip ýaşan ýazyjy Salman Ruşdi Nýu-Ýorkda guralan çärede, leksiýa berjek sahnasyna hüjüm eden erkek tarapyndan boýnundan pyçaklandy. Ruşdi tanyşdyrylýan wagtynda sahna topulan erkek oňa we söhbetdeşlik geçirjek adama hüjüm etdi diýip, Nýu-Ýork ştatynyň polisiýasynyň 12-nji awgustdaky beýanatynda aýdylýar. "Ruşdi boýnundan görnetin pyçak ýarasyny aldy we dikuçar bilen etrap hassahanasyna äkidildi. Onuň ýagdaýy entek belli däl" diýip, beýanatda aýdylýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Hepdäniň jemi #32 (13.08.2022 ý.)

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistandaky gender deňligi, maşgaladaky zorluk we çagalaryň, aýal-gyzlaryň, esgerleriň, bendileriň hem-de beýleki raýatlaryň mertebesiniň basgylanmagyna sebäp bolýan ‘däp-dessurlardan’ ýa-da ‘garawsyzlyk medeniýetinden’ goranmak mümkinçilikleri baradaky söhbetdeşligimizi diňläp, bu meselede öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga, tejribeleriňizi paýlaşmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige laýk goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, maşgaladaky zorluk meselesiniň has köp adamy oýlandyrmagyna kömek ederdiňiz.

Azathabar.com 

Türkmenistanda çagany mekdebe ýazdyrmak has kynlaşdy

Okuw ýyly ýakynlaşdygyça Türkmenistanda çagany mekdebe ýazdyrmak üçin çykdajylar ýokarlanýar. Azatlygyň habarçylary parasyz çaganyň mekdebe alynmagy üçin mümkinçiligiň esli azalýandygyny habar berýärler. Çaganyň üç arka garyndaşlarynyň sud edilmändigini subut etmek talaby hem körpeleriň mekdebe alynmagyny kynlaşdyrýar. Türkmenistanda başlangyç we orta bilim mugt hasaplanýar. Şol bir wagtyň özünde, ene-atalaryň çagany mekdebe ýazdyrmak üçin çykdajylary ýyl-ýyldan köpeldi we müňlerçe dollara ýetdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Russiýanyň yz ýany, Türkmenistan Hazar deňzinde harby-deňiz paradyny geçirdi

Russiýanyň 31-nji iýulda geçiren iri harby-deňiz ýörişleriniň yz ýany, hazarýaka Türkmenistan 10-njy awgustda Hazar deňzinde dabaraly harby-deňiz paradyny geçirdi. Dynç alyşda bolýan prezident Serdar Berdimuhamedow harby ýörişe gatnaşyp, ýurduň deňiz güýçleriniň kuwwaty bilen tanyşdy. Rus metbugatyna görä, Russiýanyň 31-nji iýulda Hazar deňzinde we beýleki suwlarda geçiren harby-deňiz paradyna Hazarýaka döwletlerden Eýranyň we Azerbaýjanyň harby gämileri hem gatnaşdy. Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine (TDH) görä... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanda IMO messenjeriniň işi çäklendirilýär, VPN-ler petiklenýär

Garaşsyz maglumat akymyny berk çäklendirmekde tankytlanýan türkmen häkimiýetleri, ýurtdaky onsuz hem gowşak internet üpjünçiligini has-da peseltmek ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýärler. Bu çäreleriň çäginde ýurtda häzirki wagta çenli petiklenmedik ýeke-täk messenjer IMO işlemesini tas bes etdi. Bu aralykda, hökümetçi türkmen neşirleri onlaýn oýunlary oýnamaga mümkinçilik berýän iri platformanyň Türkmenistanda petiklenendigi baradaky maglumaty inkär edip, dünýädäki iň haýal we gymmat internetli... Читать дальше...

Azathabar.com 

Taýwan Pekin bilen dartgynlylygyň ýokarlanýan wagtynda harby türgenleşik geçirýär

Taýwan 11-nji awgustda, Pekin bilen aradaky dartgynlylygyň ýokarlanýan wagtynda, söweşjeň atyşykly türgenleşik geçirdi. Bu türgenleşik Hytaýyň Taýwan bogazynda geçiren uly göwrümli türgenleşiginiň tamamlanmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Taýwan goşunlarynyň adanyň günorta böleginde geçirilen türgenleşikleri bir sagada golaý dowam etdi, oňa ýüzlerçe harby işgär we artilleriýa gatnaşdy. Bu hili türgenleşik şol bir sebitde 9-njy awgustda hem geçirildi. Taýwan harbylary türgenleşikleriň öňünden meýilleşdirilendigini... Читать дальше...

Azathabar.com 

Talyban ruhanysy öz dini mekdebinde janyndan geçen hüjümçiniň gurnan partlamasynda öldürildi

Tanymal hanafi ruhanysy we talyban goldawçysy Kabulda, öz dini medresesinde bolan partlamada öldürildi diýip, talyban ýolbaşçylygyndaky hökümetiň metbugat wekili 11-nji awgustda aýtdy. Rahimullah Hakkani öz dini mekdebinde, "gorkak duşman tarapyndan edilen hüjümde" öldürildi diýip, hökümetiň metbugat sekretarynyň orunbasary Bilal Karimi aýtdy. Hökümet bu hüjüm barada goşmaça maglumat bermedi. Hüjümden soň çap edilen birnäçe habarda aýdylmagyna görä, Hakkani öz medresesiniň, dini bilim berýän... Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus