Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tähran Ruşdä edilen hüjümde onuň özüni günäkärleýär

Tähran öz ýazan eserleri üçin ençeme baýraga mynasyp bolan ýazyjynyň çynlakaý ýaralanmagyna getiren hüjümde onuň özüniň günäkärdigini aýtsa, Waşington Eýrany döwlet habar beriş serişdeleriniň "bu elhenç hüjüm" babatyndaky “ýigrenji” reaksiýasy sebäpli tankyt edýär.


Tähran ýazyjynyň pyçaklanmagy bilen bagly 15-nji awgustda bildiren ilkinji reaksiýasynda Nýu-Ýork ştatynyň günbatar böleginde üç gün ozal bolup geçen hüjüm bilen ol ýa-da beýleki görnüşdäki baglanyşygy “düýbünden” inkär etdi.


Ruşdi 14-nji awgustda emeli dem aldyryş ýagdaýyndan çykaryldy we Çatakua institutynda döredijilikli pikir azatlygy temasyndan çykyş etmäge taýynlanýan wagtynda edilen pyçakly hüjümde alan agyr ýaralaryndan soň, ilkinji gezek gürläp bildi.


Tähran ilki bu hüjüm barada dymdy, emma ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken, bu hüjüm babatdaky reaksiýasy üçin, Eýranyň döwlet metbugatyny ýazgaryp çykyş etdi.


"Eýranyň döwlet edaralary ýyllar boýy Ruşdä garşy zorluga meçew berdi we döwlet bilen baglanyşykly habar beriş serişdeleri ýakynda onuň janyna kast etmek synanyşygyna heşelle kakdy” diýip, Blinkeniň 14-nji awgustda, giçlik eden beýanatynda aýdylýar. “Bu ýigrenji” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.


“Şeýtan aýatlary” diýen at bilen çap edilen gapma-garşylykly romanyň awtoryna hüjüm etmekde aýyplanan 24 ýaşly adam, Hadi Matar özüni günäkär hasaplamaýandygyny aýtdy. Prokuror onuň hüjümini adam öldürmek maksady bilen “öňünden meýilleşdirilen” jenaýat diýip atlandyrdy.


Mataryň sosial media hasaplary onuň şaýy ekstremizmine we Yslamçy rewolýusiýa gorag korpusynyň alyp barýan işlerine duýgudaşdygyny görkezdi diýip, NBC News hukuk goraýjy edaranyň resmisine salgylanyp habar berdi.




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus