Türkmenistanyň Owganystandaky weýrançylykly ýer titreme bilen baglylykda ugradan ynsanperwer kömegi Kabula geldi. Bu barada 25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi. 22-nji iýunda Kabulyň 160 km günorta-gündogarynda ýüze çykan 6,1 magnitudaly ýer sarsgynynda 1 müňden hem aşa adam heläk boldy, 1 müň 500-e golaýy hem ýaralandy. Ýer titreme has erbet Pakistan bilen serhediň golaýyndaky, daglyk sebitde ýerleşýän Paktikada duýuldy. Ýer titremede welaýatyň köp obasy we Bermal etraby ýer-ýegsan boldy. Читать дальше...
“Türkmenistan” howaýollary 1-nji iýuldan başlap Aşgabat-Moskwa-Türkmenbaşy ugry boýunça dowamly uçar gatnawlaryny ýola goýýar diýip, SalamNews hökümetçi neşir habar berdi. Maglumata görä, bu ugur boýunça hepdede iki gezek, sişenbe we penşenbe günleri, uçuş amala aşyrylar. Şu aýyň başynda Türkmenistan Dubaý we Kazan ugurlary boýunça hem dowamly uçarlary ýola goýupdy. Pandemiýanyň başyndan bäri öz çäginde koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän Türkmenistan, wirus sebäpli... Читать дальше...