Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, halypa žurnalist Rahym Esenowyň hatyrasyna bagyşlanan ýörite gepleşigimizi; Il içinde ‘gülençiler’ diýip at alan toslama jenaýat işi esasynda ýanalan we 5 ýyl ozal uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen onlarça raýat, şeýle-de ‘dini ekstremizm’ aýyplamalary esasynda türmä basylan we ykbaly näbelli bolup galýan tussaglar baradaky maglumatlarymyzy diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Birleşen Ştatlaryň Belarusda işleýän žurnalistlere we aktiwistlere berýän tehniki goldawyny artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Tihanowskaýa bu barada Waşingtonda döwlet sekretary Antoni Blinken we ABŞ-yň beýleki ýokary derejeli resmileri we kanunçykaryjylary bilen geçiren gepleşiginden soň mälim etdi. Ol Belarusyň Demokratik hereketi üçin doly goldaw barada ynandyrylandygyny hem belledi. Günbatar we Belarusyň oppozisiýasy Tihanowskaýanyň... Читать дальше...
29-njy aprelde Kabulyň Halyfa Sahip metjidinde adamlaryň namaza toplanan wagty amal edilen hüjümde azyndan 50 adam öldi. Bu barada metjidiň wekili habar berdi. “Talybanyň” ýolbaşçylygyndaky hökümetiň berýän resmi sanlaryna görä, hadysada 10 adam ölüpdir, 30-a golaýy hem ýaralanypdyr. Saglyk wekilleriniň keselhanalara 65 jesediň we 75 ýaraly adamyň gowuşandygyny aýdandygy barada hem maglumatlar bar. Metjidiň wekiliniň aýtmagyna görä, paýtagtyň sünni metjidinde adamlaryň juma namazyna duran wagty... Читать дальше...
Türkmenistanda Gadyr gijesine gabat geçirilýän günä geçişde ýene ýüzlerçe, has anygy, 500-den gowrak bendi azatlyga goýberildi, ýöne olaryň arasynda gümürtik hasaplanan aýyplamalar esasynda, ýapyk gapylaryň arkasynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen raýatlaryň bardygy ýa ýokdugy belli däl. Radionyň çeşmesi ol tussaglaryň biriniň anonimlik şerti bilen gürleşen hossarynyň ‘her Gadyr gijesinde garaşýarys, emma biziňkini bu gezegem unutdylar’ diýendigini habar berdi. Azatlyk mundan laýyk bäş ýyl ozal... Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurulýan täze şähere at dakmak meselesini “tutuş halk bilen ara alyp maslahatlaşmagy” tabşyrdy. Ol bu barada 28-nji aprelde Ahala eden saparynyň çäklerinde, welaýatyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşan mahaly aýtdy. Merkezi Aziýanyň awtoritar döwletinde köpler şäheriň adyna häzirki prezidentiň kakasy, ozalky ýurtbaştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakyljakdygyny çaklaýar. 28-nji... Читать дальше...