Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdymuhamedow golaýda ýurduň güýç gurluşlary üçin gurlan ýaşaýyş jaý toplumynyň resmi açylyşyna gatnaşdy. Bu waka mynasybetlişowhunly çäre guraldy - hatda çagalara hem polisiýa lybasyny geýdirdiler. Ýöne bu dabara ýurduň öňki prezidenti we häzirki prezidentiň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedow üçin gurnalan “resmi açyşlardan” kän tapawutlanmady.
4-nji aprelde "Türkmenistan" awiakompaniýasy Türkmenistanyň raýatlaryny Stambuldan alyp bardy. 290 ýolagçy Türkmenabat şäherine çarter uçary bilen alnyp baryldy.
Türkmenistan her ýylyň 7-nji aprel – Bütindünýä Saglyk gününi mejbury köpçülikleýin çäreler bilen belleýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň paýtagtynda we Mary welaýatynda yglan edilen köpçülik çäreleri hem-de bu mejbury çäreleriň ilatyň gündelik durmuşyna ýetirýän täsirleri barada habar berýärler.
Milliarder we Gazagystanyň öňki prezidentiniň ýegeni Kaýrat Satybaldyuly tarapyndan dolandyrylýan iki kompaniýanyň ýolbaşçylary, döwlet gaznalaryna el urmakda aýyplanyp, deslapky tussaghana iberildi. Bu maglumat Gazagystanyň korrupsiýa garşy gullugynyň Telegram kanalynda çap edildi. Döwlet edarasynyň habaryna görä, derňew wagtynda Satybaldyuly tarapyndan dolandyrylýan demir ýol ulgamlarynyň eýeleriniň eden ogurlyklary barada goşmaça deliller ýüze çykaryldy. Kompaniýanyň ýolbaşçylary tussag edildi we deslapky tussaghana ýerleşdirildi. Читать дальше...