Tihanowskaýa, ABŞ resmileri Belarusyň Demokratik hereketi üçin tehniki hemaýaty maslahat etdiler
Tihanowskaýa bu barada Waşingtonda döwlet sekretary Antoni Blinken we ABŞ-yň beýleki ýokary derejeli resmileri we kanunçykaryjylary bilen geçiren gepleşiginden soň mälim etdi. Ol Belarusyň Demokratik hereketi üçin doly goldaw barada ynandyrylandygyny hem belledi.
Günbatar we Belarusyň oppozisiýasy Tihanowskaýanyň 2020-nji ýylyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyna ynanýarlar.