Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Berdimuhamedow Ahalda gurulýan täze şähere at gözleýär

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurulýan täze şähere at dakmak meselesini “tutuş halk bilen ara alyp maslahatlaşmagy” tabşyrdy. Ol bu barada 28-nji aprelde Ahala eden saparynyň çäklerinde, welaýatyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşan mahaly aýtdy.


Merkezi Aziýanyň awtoritar döwletinde köpler şäheriň adyna häzirki prezidentiň kakasy, ozalky ýurtbaştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakyljakdygyny çaklaýar.




28-nji aprelde döwlet telewideniýesi bahasy $1,5 milliardlyk şäheriň gurluşyk meýdançasynda zähmet çekýän 15 müň töweregi işçini, gurulýan täze desgalary, şol sanda pellehanany görkezdi.


40 ýaşly Serdar Berdimuhamedow 19-njy martda prezidentlige kasam getirip, kakasynyň ornuna häkimiýet başyna geçdi. Gurbanguly Berdimuhamedow 2006-njy ýyldan bäri ýurdy demir ýumruk bilen dolandyrdy we şahsyýet kultuny berkitmek bilen birlikde, ýurtda özge pikirlere ýol bermedi.


Kiçi Berdimuhamedow kaksynyň alyp baran syýasatyny dowam etdirjekdigini aýtdy. Bellesek, döwlet mediasy Gurbanguly Berdimuhamedowa heniz hem “arkadag” diýip ýüzlenýär.


Ahal welaýatyndaky täze şäheriň gurluşygy mundan birnäçe ýyl ozal başlandy. Onuň gurluşygyna belli bir derejede kiçi Berdimuhamedow gözegçilik etdi. Ol 2019-2020-nji ýyllar aralygynda Ahalyň häkimi hem bolupdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus