Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanda başlanan gowaça ekişi we sebitlerdäki hakykat, kiçi Berdimuhamedowyň öňünde durýan çynlakaý oba meseleleri baradaky gepleşiklerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Ýewropa edýän saparyny 26-njy martda Polşanyň paýtagty Warşawada jemleýär we şol ýerde prezident Andrzej Duda bilen hem duşuşar. Baýden bu ýerde etjek çykyşynda "azat dünýäniň" Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagyna garşy durýandygyny we esasy ykdysadyýetleriň Wladimir Putini togtatmak zerurlygy meselesinde birleşendigini nygtar diýip, Ak tam aýtdy. Baýden G7, Ýewropa Geňeşi we NATO ýaranlary bilen üç gün adatdan daşary duşuşyk geçirdi we Polşadaky ABŞ goşunlary bilen görüşdi. Читать дальше...
Hytaý strategiki aragatnaşygy mundan beýläk-de ösdürmek, dürli ugurlarda amaly harby hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we iki ýurduň arasynda umumy gelejege gönükdirilen has ýakyn jemgyýet gurmakda edilýän bilelikdäki tagallalara goşant goşmaga taýýar diýip, Hytaýyň döwlet geňeşçisi we goranmak ministri Wei Fenghe aýtdy diýip, hytaý mediasy 25-nji martda habar berdi. Wei bu sözleri Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýew bilen geçiren wideo söhbetdeşliginde aýtdy. Ol soňky ýyllarda ikitaraplaýyn... Читать дальше...
Russiýa üç hepde gowrak ozal beren maglumatyny täzeläp, Ukrainadaky söweşlerde 1351 esgeriniň ölendigini habar berdi. Emma bu görkeziji günbatar ýurtlarynyň aňtaw gulluklarynyň hasaplamalaryndan has az sanlary görkezýär. Ýokary derejeli harby resmiler 25-nji martda Russiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewralda başlan harby hereketlerinden bäri geçen wagt içinde 3850 rus esgeriniň ýaralanandygyny aýtdylar. Rus resmileri 2-nji martda Ukrainadaky söweşlerde çak bilen 498 esgeriň ölendigini habar berdiler. Читать дальше...
Ukrain häkimiýetleri Russiýa goşun çekip geleli bäri ýurtda geçen 31 günüň içinde 136 çaganyň öldürilendigini habar berdiler. Kiýew sebitinde jemi 64 çaga öldürildi diýip, Ukrainanyň Baş prokuraturasynyň 26-njy martda telegram arkaly ýaýradan habarynda aýdylýar. Şeýle-de habarda Donetsk sebitinde 50 çaganyň öldürilendigi aýdylýar. Mundan başga, rus güýçleriniň Ukrainada alyp barýan söweşleri wagtynda 199 çaganyň ýaralanandygy aýdylýar. Bu maglumatlar uruş barýan wagtynda garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.
Türkmenistanyň prezidenti 25-nji martda hökümetiň mejlisini geçirip, Ministrler kabinetiniň başlygynyň öňki orunbasarlaryny gaýtadan öňki wezipelerine belledi. Serdar Berdimuhamedow "Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň düzümini tassyklamak hakyndaky» karara gol çekdi: olar hökümet başlygynyň dokuz orunbasaryndan, on ýedi ministrden we ýigrimi sany pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysyndan ybarat diýip, TDH habar berýär. Prezident hökümet düzmek işine maliýe, ykdysadyýet we bank toplumyna... Читать дальше...