Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Март
2022

Новости за 14.03.2022

Azathabar.com 

Türkmenistanda prezident saýlawlary: Bütin gije býulletenleri Serdaryň bähbidine üýtgetdiler

Ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasynyň habaryna görä, Türkmenistanda geçirilen irki prezident saýlawlarynda saýlawçylaryň 97 göteriminden gowragy ses berdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ses berişlikde köpçülikleýin düzgün bozulmalaryň bolandygyny we saýlawyň netijelerini galplaşdyrmak üçin ähli şertleriň döredilendigini habar berýärler. Mundan başga-da, Azatlygyň Türkmenistanyň bir welaýat administrasiýasyndaky çeşmesi 13-nji mart gijesinde "nädogry kandidata" ses berlen saýlaw býulletenleriniň ählisiniň çalşylandygyny habar berdi.

Azathabar.com 

MST-niň saýlaw netijelerini yglan etmegine garaşylýar

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň (Merkezi saýlaw topary – MST) giň ýaýran saýlaw galplygy baradaky habarlaryň arasynda 12-nji martda geçirilen irki prezident saýlawlarynyň netijelerini yglan etmegine garaşylýar.

Azathabar.com 

Türkmenistan ýeralma ekişine fewralda badalga berse-de, kärendeçileriň tas 90%-i tohumyň gelmegine 'garaşýar'

Türkmen häkimiýetleri ýurtda ýazlyk ýeralma we sogan ekişine badalga berlendigini baryp fewralyň ortalarynda yglan etse-de, Lebap welaýatynyň kärendeçi daýhanlary heniz köp ýerde ekişe girişilmändigini habar berýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan lebaply kärendeçiler muňa döwlet tarapyndan tohum, dökün, tehnika we suw üpjünçiliginiň kadaly ýola goýulmazlygynyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Azathabar.com 

Metbugat: Russiýa Ukraina çozuşynyň başyndan bäri Hytaýdan kömek soraýar

Ukrainadaky harby hereketlerine goldaw almak üçin, rus häkimiýetleri Hytaýyň özüni harby enjamlar bilen üpjün etmegini sorady diýip, “Finanсial Times”, “The New York Times” we “The Washington Post” habar berýär. Bu neşirleriň tassyklamagyna görä, Moskwa Ukrainanyň üstüne goşun süreli bäri Pekinden harby enjamlary we beýleki kömekleri sorap gelýär. “Finanсial Times” gazetiniň çeşmeleriniň maglumatyna görä, söweşiň üçünji hepdesiniň ortalarynda Russiýanyň käbir ok-ýaraglary gutarýar. “The New York Times” bolsa... Читать дальше...

Azathabar.com 

Prezident saýlawlary geçip-geçmänkä nebit-gaz pudagynda iş orunlary kemeldilýär

Türkmenistanyň günbataryndaky nebit-gaz ýataklarynda işleýän nebit kompaniýalary işgärleriniň sanyny ýene-de azaldýarlar. Öň görlüp-eşidilmedik ykdysady krizisi başdan geçirýän ýurtda iş orunlarynyň kemeldilmegi, irki prezident saýlawlarynyň yzýanyna gabat geldi. Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň aýtmagyna görä, işgärleriň sanyny azaltmak çäreleri nebit önümçiliginde işleýän daşary ýurt kompaniýalarynda zähmet çekýänlere-de täsir edipdir. Hususan-da, Balkan welaýatynyň ýataklarynda işleýän... Читать дальше...

Azathabar.com 

Zelenskiniň geňeşçisi Russiýa bilen geçiriljek 'kyn gepleşiklere' taýýardygyny aýdýar

Hepde ahyrynda Kiýewiň demirgazyk-günbatarynda we gündogarynda, ýurduň beýleki ýerlerinde bombalamalaryň dowam etmegine we iki tarapyň hem ilerleme gazanandygyny aýtmagyna garamazdan, ukrain we rus gepleşikçileri 14-nji martda ýene gepleşik geçirmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Gepleşikleriň dördünji tapgyrynda oka tutulýan şäherlere we şäherçelere kömek ýetirmek meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar diýip, ukrain prezidentiniň uly geňeşçisi Mykaýlo Podolýak aýtdy. Şeýle-de ol Russiýanyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Nazarbaýewiň inisi ogurlykda güman edilip saklandy

Gazagystanda ýurduň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň inisi Kaýrat Satybaldyuly tussag edildi we deslapky tussaghana ýerleşdirildi. Ol ýurduň esasy milli telearagatnaşyk kompaniýasynda, Kazaktelekomda işleýän wagtynda uly möçberde ogurlyk etmekde güman edilýär. Gazagystanyň korrupsiýa garşy gullugy Satybaldyulynyň "döwlet howpsuzlygyny gowşadýan beýleki jenaýatlara" gatnaşygynyň derňelýändigini aýtdy. Nazarbaýewiň inisiniň ogly, “Forbes Gazagystanyň” maglumatyna görä, respublikanyň iň täsirli telekeçileriniň sanawyna girýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýran Saud Arabystany bilen geçirýän gepleşiklerini togtatdy

Eýran Saud Arabystany bilen arada uzak wagt bäri dowam edýän dartgynlygy gowşatmaga gönükdirilen gepleşiklerini birtaraplaýyn ýagdaýda togtatdy diýip, Eýranyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty 13-nji martda habar berdi. Habar serişdeleri Tähranyň gelen kararynyň sebäbini aýtmady. Ýöne bu habar Saud Arabystanynyň soňky onýyllykda bir günde iň köp adamy, 81 tussagy jezalandyryp öldürendigini aýtmagynyň bir gün soňundan peýda boldy.  Jezalandyrylyp öldürilen tussaglaryň 41-si gündogar Katif sebitinden... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystan Ukraina ilkinji resmi ynsanperwer kömegini iberýär

Gazagystan ynsanperwerlik kömegi hökmünde Ukraina 28 tonna derman iberdi. Bu Gazagystanyň hökümetiniň tassyklamagynda Ukraina iberilen ilkinji gumanitar kömek bolup durýar. Mundan ozal meýletinçiler we höwesjeňler, Ukrainanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň üsti bilen, Kiýewe ynsanperwerlik kömegini berdiler. Almaty howa menziliniň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, ynsanperwer kömegini alyp gitjek ilkinji uçar 14-nji martda, irden Ukraina tarap ugur aldy. Iberilen ynsanperwer kömeginiň umumy agramy 28,2 tonna bolup... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ukrain, rus gepleşikçileri ýene gepleşik geçirmekçi bolýar

Hepde ahyrynda Kiýewiň demirgazyk-günbatarynda we gündogarynda, ýurduň beýleki ýerlerinde bombalamalaryň dowam etmegine we iki tarapyň hem ilerleme gazanandygyny aýtmagyna garamazdan, ukrain we rus gepleşikçileri 14-nji martda has köp gepleşik geçirmäge taýýardyklaryny aýtdylar. Gepleşikleriň dördünji tapgyrynyň wideo arkaly geçirilip, oka tutulýan şäherlere we şäherçelere kömek ýetirmek meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar diýip, ukrain prezidentiniň kömekçisi Mykaýlo Podolýak aýtdy. Читать дальше...




Azathabar.com 

Polýak prezidenti Russiýanyň Ukrainada himiki ýarag ulanmagynyň ýagdaýy üýtgetjekdigini aýdýar

Polşanyň prezidenti Andrzej Duda Russiýanyň Ukrainada himiki ýaraglary ulanmagynyň ýagdaýy düýpden üýtgetjekdigini we NATO-nyň bu meselä nähili çärä görmelidigi barada çynlakaý pikirlenmelidigini aýtdy. "Eger ol köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň haýsam bolsa birini ulansa, bu ýagdaýlaryň düýpgöter üýtgemegine alyp geler” diýip, Duda 13-nji martda BBC-niň žurnalistiniň rus prezidenti Wladimir Putiniň himiki ýarag ulanmagynyň NATO üçin gyzyl çyzyk bolup biljekdigi ýa-da däldigi barada beren sogaryna jogap berende aýtdy. Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus