Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Февраль
2022

Новости за 18.02.2022

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Kazandaky konsuly türkmen studentleri bilen duşuşdy, problemalar agzalmady

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsuly bilen Kazan federal uniwersitetiniň Ýelabuga institutynyň müdiriniň we türkmen talyplarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky baş konsullugynyň we agzalýan uniwersitetiň websaýtlarynda habar berildi. 15-nji fewralda Tatarstanyň Ýelabuga şäherinde geçirilen bu duşuşykda baş konsul Atadurdy Baýramow Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek prezident saýlawlary we Kazandaky Baş konsullygyň çäginde saýlaw uçastogynyň dörediljekdigi barada çykyş etdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Russiýa, Ukraina krizisi döwründe, 'strategiki güýçleriň' gatnaşmagynda täze harby türgenleşikleri geçirjekdigini yglan etdi

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Kremliň Ukrainany basyp almagy meýilleşdirýän bolmagynyň ähtimaldygy baradaky aladalaryň arasynda, 19-njy fewralda prezident Wladimir Putiniň gözegçiliginde täze strategiki harby türgenleşikleriň geçiriljekdigini yglan etdi. "19-njy fewralda Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçleriniň Ýokary Serkerdesi Wladimir Putiniň ýolbaşçylygynda strategiki öňüni alyş güýçleriň meýilleşdirilen türgenleşigi geçiriler. Onuň dowamynda ballistik we ganatly raketalar atylar" diýlip... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gaýtalanýan gurakçylyk maldarçylyga zarba urýar

Mary welaýatynyň öri meýdanlarynda mallar köpçülikleýin gyrylýar. Çopanlar gyş şertleri sebäpli, hem-de soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän gurakçylyk zerarly emele gelen ot-iým ýetmezçiliginiň mal ölümlerine sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Bu aralykda, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri Türkmenistanda gurakçylygyň täze tolkunyna garaşylýandygyny habar berýär.

Azathabar.com 

Meredow saýlawlaryň öňýany Moskwa barýar. Näme üçin?

Türkmenistanyň baş diplomaty öňümizdäki hepde Moskwada özüniň russiýaly kärdeşi bilen duşuşar. Bu barada 16-njy fewralda RIA Nowosti gullugy rus daşary işler ministrliginiň resmi wekiliniň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Azathabar.com 

Türkmen ministri prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlygy ÝHHG bilen maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili R.Kastberg bilen duşuşdy diýip, Türkmen DIM-niň web sahypasy 17-nji fewralda habar berdi. Duşuşygyň barşynda Aşgabadyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine garaldy, Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek irki prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu Guramanyň agza-ýurtlaryna saýlaw... Читать дальше...

Azathabar.com 

Polisiýa: Pakistanly žurnalist Karaçi şäherinde atylyp öldürildi

18-nji fewralda Pakistanyň iň uly şäheri Karaçide 45 ýaşly žurnalist ýaragly adamlar tarapyndan atylyp öldürildi.  Polisiýa hususy “Samaa” habar kanalynda işleýän Athar Matiniň çagalaryny mekdebe eltip,  öýüne gaýdyp gelýän wagtynda, gümürtik ýagdaýda öldürilendigini habar berdi. Şaýatlaryň käbiri onuň, motorly iki adam geçegçiniň zatlaryny aljak bolanda, awtoulagyny olaryň üstüne sürendigini aýdýarlar. Beýlekiler bolsa, Matiniň özüniň talaňçylygyň nyşany bolandygyny we awtoulagyna münüp, hüjümçilerden gaçmaga synanyşandygyny aýtdylar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Işden çekilýän prezident dikuçarda iş saparyny edip, daýhanlar bilen surata düşdi

Türkmenistanyň prezidenti paýtagt boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat- Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanynyň nobatdaky tapgyryndaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Babadaýhan etrabyndaky çägine ugrady, paýtagtyň günorta künjeginde, dag eteklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär. Döwlet baştutany uçuşyň dowamynda Gurtly ýaşaýyş toplumynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gyrgyzystan Orsýetden migrant kynçylyklary meselesini çözmegi soraýar

Gyrgyzystanyň Russiýadaky ilçihanasy Russiýada täze migrasiýa düzgünleri güýje girenden soň, bu ýurduň Daşary işler ministrligine nota, resmi hat iberendigini aýdýar. Orsýetiň täze migrasiýa düzgünleri ýurda gelýän migrantlaryň saglyk barlagyndan geçirilmegini we olaryň barmak yzlarynyň alynmagyny nazarda tutýar. Metbugat gullugynyň habarynda aýdylmagyna görä, uzyn nobatlar sebäpli, Moskwada we Moskwa sebitinde talap edilýän düzgünleri berjaý etmek kyn düşýär.   “Russiýanyň Daşary işler ministrligine... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ Russiýa 'uruş ýolunda' diýýär, Ukraina ýaraşyk düzgünleriniň bozulmagynyň gürelendigini aýdýar

Moskwanyň ýakyn günlerde goňşy ýurda çozmak üçin prowakasiýalary taýýarlandygy baradaky ABŞ duýduryşlarynyň yzysüre, Ukraina 18-nji fewralda gündogarda Orsýet tarapyndan goldanýan separatistleriň ýaraşyk düzgünlerini bozmagynyň birden gürelendigini aýtdy. Ukrain harbylarynyň hasabatynda aýdylmagyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýaraşyk düzgünleri azyndan 60 gezek bozuldy we bir esger ýaralandy. Harbylar separatistleriň agyr artilleriýa, minomýot we tank ulanyp, 10-dan gowrak oba ot açandygyny aýtdylar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Demirgazyk Koreýa bilen Türkmenistanyň nähili umumylyklary bar

Bularyň ikisi-de dünýäniň iň ýapyk diktator režimli ýurtlaryna ýolbaşçylyk edýärler, olar eksentrik durmuşy alyp barýarlar, çeýe atýarlar we çalasanlyk bilen at çapýarlar - Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň arasyndaky umumylyklara göz aýlaň.





Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus