Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Февраль
2022

Новости за 08.02.2022

Azathabar.com 

Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçenine 15 ýyl dolýar

Milady kalendarda 21-nji dekabr onsuz hem iň uzyn gije hasaplanýar, ýöne 2006-njy ýylyň 21-nji dekabra geçilen gijesi türkmen syýasatynda, belki-de, has uzaga çeken gije boldy. Bar bolan resmi maglumatlara görä, şol gije Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarpa-taýyn aradan çykdy. Nyýazowyň ölüminden soňra, onuň orunbasary, wise-premýer Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda häkimiýet başyna geldi. 11-nji fewralda Berdimuhamedowyň prezident wezipesini eýelemegine 15 ýyl dolýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkiýede YD agzalaryna galp türkmen pasportlaryny satmakda güman edilýän biri türkmenistanly üç adam tussag edildi

Türkiýede "Yslam döwleti" (YD) terrorçy toparynyň agzalaryna galp türkmen we türk pasportlaryny satmakda güman edilýän üç adam, şol sanda Türkmenistanyň bir raýaty tussag edildi. Bu barada türk media serişdeleri we "Türkmen.news" neşiri habar berýär. "CNNTürk" neşiriniň 4-nji fewralda çap eden habaryna görä, Stambulda türkmenistanly bir raýatyň YD toparynyň agzalaryny galp pasportlar bilen üpjün edýändigi anyklanandan soň, Stambulyň polisiýa müdirliginiň işgärleri tarapyndan reýdler gurnaldy. ... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystanyň Žanaozen şäherinde ýene ýüzlerçe adam proteste ýygnandy

Gazagystanyň durnuksyz Žanaozen şäheriniň ýüzlerçe ýaşaýjysy ýene, geçen aý hökümete garşy guralan we ýurdy sarsdyran protestlerden soň, iş ýerleriniň döredilmegini talap edip, tapgyr birnäçe gün ýygnanyşyk geçirdi. Protestçiler ýygnanyşygyň altynjy güni, 7-nji fewralda şäher häkimliginiň binasynyň öňünde toplandylar. Olar 2500 erkegiň we aýalyň ýerli we merkezi hökümetden sebitiň nebit pudagynda özlerine iş berilmegini talap edýändigini aýtdylar. Žanaozen şäheriniň häkimi Maksat Ibagarow protestçiler... Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşgabatda dörtgatly ýaşaýyş jaýlary ýykmak işi dowam etdirilýär

Aşgabatda täze desgalaryň gurluşygy üçin niýetlenýän ýerlerde ýaşaýyş jaýlarynyň ýykylmagy dowam edýär. Paýtagtyň merkezinde ýykylýan bu dörtgatly ýaşaýyş jaýlar prezident köşgünden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Baba Jepbarow köçesiniň ugrundaky dört gatly jaýlar ýykylýar. Bu jaýlar şäher merkezinde täze gurlan "Diwan" myhmanhanasynyň garşysynda ýerleşýär. Türkmenbaşy şaýoly, Atamyrat Nyýazow, Nurmuhammet Andalyp we Baba Jepbarow... Читать дальше...

Azathabar.com 

Maryda ýene tozanly ýel turdy

Şenbe güni, 5-nji fewralda Mary welaýatynda tozanly ýel turdy. Uzakly gün dowam eden şemal howanyň düzüminde tozan emele getirdi. Bu sebäpli ýaşaýjylar 150-200 metr aralygy görmekde kynçylyk çekdiler. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy ýeliň günüň ikinji ýarymynda has-da güýçlenendigini we hamana, asmandan çäge ýagýan ýaly bolandygyny aýdýar. "Köp gatly jaýlaryň dördünji gatyndaky penjireden daşary seredeniňde, şäheriň üstüne çäge ýagýan ýaly bolup görünýärdi" diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri... Читать дальше...

Azathabar.com 

Tatarystanyň Ýokary kazyýeti yslamçy alymyň türme hökümini güýjünde galdyrdy

Orsýetiň Tatarystan respublikasynyň Ýokary kazyýeti gadagan edilen dini toparyň ýerli bölümini dolandyrany üçin ýyl kesilen tanymal yslam alymynyň şikaýat arzasyny ret etdi. Noýabr aýynda 6 ýarym ýyl azatlykdan mahrum edilen Gabdrahman Naumowyň aklawçysy Ruslan Nagiýew Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Ýokary suduň 8-nji fewralda öz müşderisine çykarylan hökümi güýjünde galdyrandygyny aýtdy. Orsýetdäki Yslam uniwersitetiniň mugallymy we paýtagt Kazandaky metjidiň öňki ymamy hökmünde, Naumow Tatarystanda gowy tanalýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazak derňew topary ýanwar wakalarynda 'gynamalaryň örän köp bolandygyny' aýdýar

“Akikat” (Hakykat) toparynyň ýanwar wakalaryny derňemek baradaky komissiýasynyň başlygy, aklawçy Aýman Umarowa, ýanwar wakalary boýunça derňew başlandan soň, "adam gynamalarynyň örän köp bolandygyny" aýtdy. “Adaty günlerde beýle iş kän bolmaýar, şonuň üçin bu gynamalaryň nähili bolup geçýändigi kän bir göze ilmeýär, sebäbi olar ýuwaşlyk bilen amala aşyrylýar. Emma bu hili ýagdaýda gynamalar köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar” diýip, Umarowa ýerli habar sahypasy “Tengrinews” bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Andijanda mekdep direktorlaryna para almajakdyklary barada kasam etdirýärler

Özbegistanyň Andijan sebitinde mekdep direktorlaryna para almazlyk barada "wyždan hatlaryny" ýazdyrýarlar. Şeýle-de, garagollukda tutulan çagalar üçin, Andijan mekdepleriniň mugallymlaryny sapakdan soň, agşam sagat 10: 00-a çenli "Ot başyndaky" çärelere gatnaşmaga mejbur edýärler diýip, Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy habar berýär. Para almazlyk kasamy baradaky hatlar hakynda Azatlyga Andijandaky mekdepleriň biriniň direktory gürrüň berdi. Biraz öň, 3-nji fewral agşamy sebitiň 41-nji mekdebiniň... Читать дальше...

Azathabar.com 

"Kömek ediň! "Talyban" meniň öýüme geldi". "Talyban" söweşijileri närazylyk bildirýänleri yzarlaýarlar, žurnalistlere hüjüm edýärler

Golaýda owgan žurnalistine Kabuldaky öz öýünde rehimsizlik bilen hüjüm edildi, onuň yz ýany "Talyban" aýal-gyzlaryň hukuklaryny goraýjy iki aýal maşgalany tussag etdi. "Talybanyň" Owganystanda häkimiýete gaýdyp gelmegi söz azatlygyna hem köpçülikleýin habar serişdelerine eýýäm agyr howp bolup döredi. Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň habaryna görä, geçen hepdelerde aktiwistlere we žurnalistlere garşy birnäçe syrly hüjüm amala aşyryldy, bu bolsa iň erbet çäklendirmeleriň entek öňde bolup biljekdigi baradaky gorkyny döredýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Putin bilen 'anyk howpsuzlyk kepillikleri' barada pikir alyşan Makrona Ukrainada garaşylýar

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Ukrainadaky krizise garşy halkara diplomatiýanyň çäginde prezident Wladimir Putin bilen Moskwada geçiren töwerekleýin gepleşiklerinden soň, 8-nji fewralda Kiýewe sapar edýär. Makron Kremlde guralan metbugat ýygnagynda Putine "anyk howpsuzlyk kepilliklerini" teklip edendigini, rus lideriniň "bu ugurda işleşmäge taýýardygyny we onuň Ukrainanyň durnuklylygyny we territorial bitewiligini saklamak isleýändigini" aýtdy. Fransuz lideri Putin bilen düşünişmek nokatlaryny... Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus