Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gyrgyzystan Orsýetden migrant kynçylyklary meselesini çözmegi soraýar

Gyrgyzystanyň Russiýadaky ilçihanasy Russiýada täze migrasiýa düzgünleri güýje girenden soň, bu ýurduň Daşary işler ministrligine nota, resmi hat iberendigini aýdýar. Orsýetiň täze migrasiýa düzgünleri ýurda gelýän migrantlaryň saglyk barlagyndan geçirilmegini we olaryň barmak yzlarynyň alynmagyny nazarda tutýar.


Metbugat gullugynyň habarynda aýdylmagyna görä, uzyn nobatlar sebäpli, Moskwada we Moskwa sebitinde talap edilýän düzgünleri berjaý etmek kyn düşýär.  


“Russiýanyň Daşary işler ministrligine iberilen hatda saglyk barlagyndan geçirmek, barmak yzlaryny almak we surata düşürmek üçin, ÝAYB-ne agza bolup durýan döwletleriň raýatlaryna Orsýetiň ygtyýarly edaralarynda, şol sanda Saharowo migrasiýa merkezinde aýratyn koridor açmaga ýardam berilmegi soralýar” diýip, ilçihana habar berdi.


2021-nji ýylyň 29-njy dekabryndan başlap,  işlemek üçin Russiýa girýän daşary ýurt raýatlary 30 günüň içinde saglyk barlagyndan geçmeli, şeýle-de olardan döwletiň barmak yzlaryny hasaba aldyrmak we surata düşmek talaplaryny berjaý etmek soralýar.


Saglyk barlagynyň çäginde daşary ýurtlularyň neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalaryny ulanyp-ulanmaýandygy,  ýokanç keselleriniň bardygy ýa ýokdugy barlanýar.


Gyrgyz mejlisiniň deputatlary biraz öň gyrgyz migrantlarynyň Russiýada bolmagynyň düzgünleri baradaky meseläni gozgap, ony döwlet baştutanlarynyň derejesinde ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdiler.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus