Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июнь
2021

Новости за 28.06.2021

Azathabar.com 

Daşardaky talyplaryň gutardyş synaglary maliýe kynçylyklary bilen utgaşdy

Häzirki döwür studentler üçin iň möhüm möwsüm bolup durýär. Sebäbi, olaryň käbiri döwlet synaglaryny tabşyryp, 4-5 ýyllap okan ýokary okuw jaýlaryny tamamlaýarlar. Beýlekiler bolsa, bir ýyllyk okuwdan soň synaglaryny tabşyryp, ene-atasynyň ýanyna dynç almaga gidýärler. Emma bu synag möwsüminiň daşary ýurtlardaky türkmenistanly studentleriň aglabasy üçin agyr geçýändigi Azatlyk Radiosyna habar berilýär. “Çünki, biziň köpümiz synag tabşyrmagy däl-de, nädip köpräk pul gazanmagy düşünýäris” diýip... Читать дальше...

Azathabar.com 

Berdimuhamedow ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň "ýokdugyny" tekrarlady

Türkmenistanyň prezidenti soňky 10 günüň dowamynda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary bilen ikinji gezek maslahat geçirdi. Bu koronawirusyň adamdan-adama has aňsatlyk bilen geçýän delta görnüşiniň dünýäniň azyndan 85 ýurdunda ýüze çykarylmagynyň we bu sebäpli käbir döwletleriň öňüni alyş, şol sanda petiklenme çärelerini ýaňadandan ornaşdyrýan döwrüne gabat geldi. Şol bir wagtda, koronawirusyň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistan paýtagtda dezinfeksiýa işlerini güýçlendirdi.

Azathabar.com 

Maryda hususy taksi nyrhlary iň azyndan ýarym esse ýokarlandy

Mary welaýatynyň administratiw merkezinde, barha ýitileşýän maliýe we azyk krizisiniň arasynda, soňky günleriň dowamynda taksi kireýleriniň nyrhy iň azyndan ýarym esse ýokarlandy. Bu onsuz hem pulsuzlykdan kösenýändigini aýdan ilata goşmaga urgy boldy. Şol bir wagtda, öz awtoulaglarynda adam gatnadýanlar nyrhy “alaçsyzlykdan” galdyrmaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

Azathabar.com 

Moskwada COVID-19-yň täze tolkunynda ölenleriň sany ilkinji gezek 100-den geçdi

Soňky 24 sagadyň dowamynda Moskwada 100-den gowrak adam koronawirusdan öldi. Russiýadaky ýene bir pandemiýa tolkunynyň dowamynda bu täze rekord boldy. Moskwadada COVID-19-dan 114 adamyň ölendiginiň hasaba alnandygyny, RBC 27-nji iýunda şäheriň koronawirus toparyna salgylanyp habar berdi. Tutuş ýurt boýunça umumy sana görä, 20 000-den gowrak täze kesellänler hasaba alyndy we soňky 24 sagadyň dowamynda koronawirusdan 599 adam öldi. RBC habar gullugynyň maglumatyna görä, bir gün öň COVID-19-dan... Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýran BMG-nyň ýadro inspektorlary bilen gözegçilik şertnamasy barada karara gelmedi

Tähran BMG-nyň atom gözegçiligi guramasy bilen ýadro desgalarynda gözegçilik wideo ýazgylaryny öwrenmek baradaky şertnamany uzaltmak boýunça entek karar gelmändir. Bu barada 28-nji iýunda Eýranyň Daşary işler ministrligi habar berdi. Ýurduň ýadro desgalarynda wideo ýazgylary öwrenmek baradaky şertnamanyň möhleti bir aýlyk uzaldylandan soň geçen hepde gutardy.  "Hiç hili karara, ne negatiw, ne-de oňyn karara gelinmedi" -diýip, Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh žurnalistlere... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ Yrak-Siriýa serhedinde Eýran tarapyndan goldanýan söweşijilere hüjüm etdi

ABŞ-nyň harby güýçleri, ABŞ-nyň Yrakdaky we Siriýadaky işgärlerine we desgalaryna pilotsyz uçarly edilen hüjümlere jogap hökmünde Eýran tarapyndan goldanýan söweşijilere garşy howa zarbalaryny amala aşyrdy. Pentagon 27-nji iýunda prezident Jo Baýdeniň Siriýanyň iki ýerinde we Yragyň bir ýerinde söweşijiler tarapyndan ulanylýan desgalara we ýarag ammarlaryna "goranyş" howa zarbalaryny amala aşyrmagy buýrandygyny aýtdy. Beýanatda şol desgalaryň Eýran tarapyndan goldanýan birnäçe söweşiji toparyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

'Talyban' has köp owgan esgerini Täjigistana gaçmaga mejbur edýär

Owganystanyň hökümet güýçleriniň esgerleriniň ýene bir topary "Talyban" söweşijileriniň Owganystanyň demirgazygyndaky hüjümleriniň netijesinde serhetden geçip, Täjigistana gaçdy. Täjigistanyň döwlet metbugatynyň habaryna görä, 27-nji iýunda "Talyban" söweşijileriniň Balh welaýatynyň Kaldor etrabynyň Çukçuk şäherinde ýerleşýän serhet gözegçilik nokadyna hüjüm edensoň, 17 owgan esgeri Täjigistana gaçypdyr. Bu barada Täjigistanyň döwlet serhet gullugy habar beripdir. "Täjigistanyň serhetçileri ynsanperwerlik... Читать дальше...

Azathabar.com 

Sadyr Japarow Türkmenistanyň häzirki prezidenti bilen duşuşdy we öňki prezidentiniň mazaryna bardy

Aşgabada baran Gyrgyzystanyň prezidenti Japarowy aeroportda  Türkmenistanyň energetika ministri Çarymurad Purçekow garşy aldy. Türkmenistana saparynyň başynda gyrgyz prezidenti Gypjaga baryp, Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmurat Niýazowyň mawzoleýinde gül goýdy. Soňra Japarow gyrgyz-türkmen ykdysady forumynyň açylyşyna gatnaşdy.  28-nji iýunda Aşgabadyň Garaşsyzlyk meýdanyna Gygyzystanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň arasynda duşuşyk dabarasy boldy. Dabara hormat garawulynyň gatnaşmagynda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Merkezi Aziýada gurakçylyk: görülmedik yssy, suw ýetmezçiligi hem hasylyň pesligi

Rekord ýokary derejedäki temperatura Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetine agyr zyýan ýetirýär. Ýokary akymlarda ýerleşýän Gyrgyzystan bilen Täjigistan ýaly ýurtlar suw ýetmezçiliginden kösenip, suwy özleri üçin saklap galmaga çalyşýarlar. Aşakdaky akymlarda ýerleşýän Özbegistan bilen Gazagystan suw ätiýaçlygyny köpeltmek üçin, dürli teklipleri hem ylalaşyklary öňe sürýärler. YSSY Özbegistanda Uzgidromet stansiýasy iýun aýynyň başynda, howanyň yssylygynyň adaty ýagdaýdan 7-10 dereje ýokarlanmagyna garaşylýandygyna duýduryş etdi... Читать дальше...





Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus