Onlarça adam Gyrgyzystanyň parlament binasynyň öňünde ýöriş geçirip, hökümetden ýitirim bolan türk raýatynyň, “Sapat” bilim edaralarynyň ýolbaşçysynyň tapylmagyny talap etdi. Aglabasy Orhan Inanyň türk gizlin gulluklary tarapyndan alnyp gaçylandygyna ynanýan protestçiler 3-nji iýunda Bişkekdäki türk ilçihanasynyň hem-de hökümet binasynyň öňünde birmeňzeş demonstrasiýa geçirdi. Demonstrantçylar “Orhan gyrgyz raýatydyr. Ony tapyň!” ýazgyly plakart göterdiler. 1995-nji ýyldan bäri Gyrgyzystanda... Читать дальше...
Häzirki wagtda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary azyk paýyna öýlerinde garaşmaly bolýarlar. Geçen aýda paýtagtdaky dükanlar subsidirlenen önümleri satmagy bes etdi, azyk önümleri ýaşaýjylaryň öýlerine getirilip başlandy. Bu täzelik azyk ýetmezçiligini başdan geçirýän welaýat ýaşaýjylaryna täsir etmedi, olar azyk önümleriniň dükanlara getirilmegine köp wagtlap garaşýarlar.
Tomsuň yssysynda tigir sürmäge gelip, soň işe gitmeli bolan işgärleriň birnäçesi adamlaryň bu hili çärelerden bireýýäm doýandygyny, ýöne işlerini ýitirmejek bolup çydaýandygyny gürrüň berdi. Olar bu çäräni "halkyň boýnuna dakylan bolgusyz, belki-de, adam saglygyna zyýanly zat" hasaplaýar.
Zeýd suw howdany düýpden idegsiz, taşlanan hala düşdi, ulanyşyň iň ýönekeý kadalary hem saklanmaýar diýip, suw hojalyk edarasynyň ozalky işgärleri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Olaryň sözlerine görä, bu pudak doly kadr heläkçiligine uçrady, "hünärmenler" iň ýönekeýje zatlary hem bilmeýär.
Düýbi ABŞ-da ýerleşýän daşky gurşawy we adam hukuklaryny goraýjy “Crude Accountability” jemgyýetçilik guramasy uglewodorod serişdelerine baý Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylarynyň “korrupsiýa we kleptokratiýa tejribeleri” barada giňişleýin hasabat çap etdi. “Türkmenistan: kleptokratiýa modeli” atly hasabat Türkmenistanda “kleptokratiýa ulgamlarynyň” ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda esaslandyrylandygyny we bu ulgamlaryň ikinji prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwründe dowam etdirilendigini aýdýar. Читать дальше...
Kiýewe sapar edýän ikipartiýaly ABŞ kongres wekiliýeti Ukrainany demokratiýany güýçlendirmek üçin reformalary dowam etdirmäge çagyrdy we rus “agressiýasynyň” arasynda Ukraina raýdaşlyk beýan etdi. “Ukrainanyň demokratiýany güýçlendirmek üçin möhüm reformalara dowam etdirmegini üpjün etmeklik biziň dowamly hyzmatdaşlygymyz üçin hem-de rus agressiýasyna garşy durmak üçin möhümdir” diýip, ABŞ delegasiýasyna ýolbaşçylyk edýän Žan Şahin (Jeanne Shaheen – demokrat, Nýu Hempşaýr) 2-nji iýunda ukrain paýtagtyndan twit ýazdy. Читать дальше...
Belarus COVID-19 pandemiýasyna salgylanyp, aglaba raýatynyň daşary ýurda syýahat etmegini wagtlaýyn gadagan edýär. Oppozisiýa muňa, diýdimzor dolandyryjy Aleksandr Lukaşenka tarapyndan dürli pikirliligiň rehimsiz basylyp ýatyrylmagynyň arasynda, azatlyklary mundan-da beýläk çäklendirmek üçin ädilen nobatdaky ädim diýýär. Belarus Döwlet serhet komiteti syýahat gadagançylygynyň resmi sapara barýan belarus döwlet gullukçylaryndan, döwlet transport gullugynyň işgärlerinden we özge ýurtlarda hemişelik... Читать дальше...
ABŞ prezidenti Jo Baýden öňümizdäki günlerde özge ýurtlara 80 million doza koronawirus sanjymyny ibermegiň jikme-jikliklerini yglan eder diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken aýtdy. Ol bu meýilnamanyň gysga wagtyň içinde, 3-nji iýunda yglan edilip bilinjekdigini sözüne goşdy. Blinken Latyn Amerikasyna edýän saparynyň soňky güni, 2-nji iýunda Kosta Rikanyň San Hose (San Jose) şäherindäki ABŞ ilçihanasynda sözlän sözünde bu meýilnamanyň garyp ýurtlara sanjym kömegini berýän COVAX maksatnamasy bilen utgaşykly alnyp barylýandygyny aýtdy.
Zeýd suw howdany düýpden idegsiz, taşlanan hala düşdi, ulanyşyň iň ýönekeý kadalary hem saklanmaýar diýip, suw hojalyk edarasynyň ozalky işgärleri Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Olaryň sözlerine görä, bu pudak doly kadr heläkçiligine uçrady, "hünärmenler" iň ýönekeýje zatlary hem bilmeýär.
Eýranda aýallar başgaça pikir edýändikleri üçin tussag edilýär, türme ýolbaşçylary bolsa olaryň erkini syndyrmak maksady bilen yzygiderli jynsy zorluklary hem ýanamalary – dürli ezýetleri ulanýarlar. Ynsan hukuklaryny goraýjy Nargis Mohammadi Clubhouse sosial ulgamynda bu barada gürrüň berip, şeýle sütemiň pidasy bolandygyny boýun aldy. Eýrandaky türme sakçylarynyň "iş usullarynyň" ýüzüni açmaga, jenaýatçylary jogapkärçilige çekmäge gorky we utanç päsgel berýär. Emma Nargis Mohammadi hem beýleki... Читать дальше...