Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Onlarça adam türk magaryf işgäriniň tapylmagyny talap edip, gyrgyz paýtagtynda ýöriş geçirdi

Onlarça adam Gyrgyzystanyň parlament binasynyň öňünde ýöriş geçirip, hökümetden ýitirim bolan türk raýatynyň, “Sapat” bilim edaralarynyň ýolbaşçysynyň tapylmagyny talap etdi.


Aglabasy Orhan Inanyň türk gizlin gulluklary tarapyndan alnyp gaçylandygyna ynanýan protestçiler 3-nji iýunda Bişkekdäki türk ilçihanasynyň hem-de hökümet binasynyň öňünde birmeňzeş demonstrasiýa geçirdi.


Demonstrantçylar “Orhan gyrgyz raýatydyr. Ony tapyň!” ýazgyly plakart göterdiler.


1995-nji ýyldan bäri Gyrgyzystanda ýaşaýan we gyrgyz raýatlygy bolan Inan 31-nji maýda ýitirim boldy.


Onuň awto ulagy 1-nji iýun güni irden Bişkegiň merkezinde tapyldy. Ulagyň gapylary açyk ekeni we içindäki gymmatly zatlar, görnüşinden, ellenmändir.


Gyrgyz prezidenti Sadyr Japarow Içeri işler ministrligine Inanyň tapylmagyny buýruk berdi. Bişkek polisiýasy Inanyň ýerini tapmak üçin ýörite derňew toparyny döretdi.


1-nji iýunda “Sapat” bilim edaralarynyň müdiri Nurlan Kudaiberdiýew Inanyň türk agentleri tarapyndan alnyp gaçylan bolmagynyň mümkindigini aýtdy, ýöne ol öz öňe sürmelerini goldaýan subutnama hödürlemedi.


2019-njy ýylda Ankara Gyrgyzystandaky “Sapat” bilim edaralarynda işleýän iki adamyň, Sinan Ýylmazyň hem-de Sanjar Abdulhakimiň Türkiýä ekstradisiýa edilmegini sorap, resmi haýyşnama bilen ýüz tutdy. Ankara olaryň Türkiýede aýdylmaýan aýyplamalar boýunça gözlenilýändigini aýtdy.


Şonda Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy bu iki adamyň ekstradisiýa edilmegi boýunça karar kabul etdi. Ýöne bu kararyň garşysyna geçirilen protest ýörişlerinden soňra Bişkek kazyýeti karary ýatyrdy.


Soňky bäş ýylyň dowamynda Türkiýe “Sapatyň” ABŞ-da ýaşaýan türk ruhanysy Fethullah Gülen bilen ilteşiklidigini aýdyp, Gyrgyzystandan ony ýapmagy haýyş etdi. Ankara Güleni 2016-njy ýylda bolan başa barmadyk agdarylyşyk synanyşygynda aýyplaýar. Ýöne ol bu aýyplamalary ret edýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus