Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Sadyr Japarow Türkmenistanyň häzirki prezidenti bilen duşuşdy we öňki prezidentiniň mazaryna bardy

Aşgabada baran Gyrgyzystanyň prezidenti Japarowy aeroportda  Türkmenistanyň energetika ministri Çarymurad Purçekow garşy aldy.


Türkmenistana saparynyň başynda gyrgyz prezidenti Gypjaga baryp, Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmurat Niýazowyň mawzoleýinde gül goýdy.


Soňra Japarow gyrgyz-türkmen ykdysady forumynyň açylyşyna gatnaşdy. 




28-nji iýunda Aşgabadyň Garaşsyzlyk meýdanyna Gygyzystanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň arasynda duşuşyk dabarasy boldy. Dabara hormat garawulynyň gatnaşmagynda geçdi we iki ýurduň döwlet gimnleri ýaňlandy, şondan soň Oguzhan köşgüne gepleşik geçirildi. 


2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Gyrgyzystanda bolan häkimiýet çalyşygyndan soňky syýasy krizisiň dowamynda türmeden boşadylan we dawaly saýlawlaryň netijesinde döwlet başyna geçen prezident Sadyr Japarow Türkmenistana ilkinji gezek sapar edýär.


Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki mediasy Gyrgyzystandaky syýasy wakalar barada habar bermändi.


Türkmenistana saparynyň soň Gyrgyzystanyň prezidenti Täjistana barýar. Japarowyň 28-29-njy iýunda Täjigistana etjek resmi sapary iki ýurduň arasynda serhetdäki konfliktler bilen bagly dartgynlylygyň güýçlenen wagtyna gabat geldi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus