Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Eýran BMG-nyň ýadro inspektorlary bilen gözegçilik şertnamasy barada karara gelmedi

Tähran BMG-nyň atom gözegçiligi guramasy bilen ýadro desgalarynda gözegçilik wideo ýazgylaryny öwrenmek baradaky şertnamany uzaltmak boýunça entek karar gelmändir. Bu barada 28-nji iýunda Eýranyň Daşary işler ministrligi habar berdi.


Ýurduň ýadro desgalarynda wideo ýazgylary öwrenmek baradaky şertnamanyň möhleti bir aýlyk uzaldylandan soň geçen hepde gutardy. 


"Hiç hili karara, ne negatiw, ne-de oňyn karara gelinmedi" -diýip, Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh žurnalistlere aýtdy we ylalaşygy dowam etdirmek ýa-da wideo ýazgylary ýok etmek hakynda hiç hili kararyň entek ýokdugyny belledi. 


Eýran resmisiniň bu çykyşy ýurduň mejlisiniň başlygy Muhammet Baker Kalibafyň Tähranyň suratlary hiç haçan görkezmejekdigini aýdyp, 27-nji iýunda mälim eden pozisiýasyna ters gelýär.


"Ylalaşygyň möhleti gutardy ... ýazylan maglumatlaryň hiç biri Halkara atom energiýasy guramasyna berilmez we maglumatlar hem-de suratlar Eýranyň eýeçiliginde galar" -diýip, mejlisiň spikeri aýtdy.  


Halkara atom energiýasy guramasy we Tähran, Eýranyň BMG-nyň ýadro gullugy bilen hyzmatdaşlygyny azaltmak ugrundaky hereketleriniň gowşatmak maksady bilen fewral aýynda üç aýlyk gözegçilik şertnamasyny baglaşypdy.


Halkara atom energiýasy guramasyna Eýranyň ýadro desgalarynda oturdylan gözegçilik kameralaryndan suratlary ýygnamaga we seljermäge rugsat beren bu şertnama soňra 24-nji iýuna çenli bir aý uzaldylypdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus