Türkmenistanda dürli zerurlyklar üçin ilatdan maddy goşant goşmagy talap etmek möwsümi dowam edýär. Býujet edaralarynyň işgärlerinden, bilim edaralarynyň okuwçylaryndan we daýhanlardan ýygnanýan puluň hasabyna çykdajylaryň sanawy artýar. Şu günler Milli Gyzyl Haj we ýarymaý jemgyýeti üçin ilatdan pul toplanýar.
Daşary ýurtlarda bilim alýan talyplaryň ene-atalary Türkmenistandan pul ugratmakda agyr kösençlikleri başdan geçirýärler. Banklaryň hödürleýän çäkli we çylşyrymly mümkinçilikleri ene-atalary azara goýýar. Bank nobatyna garaşýan adamlaryň arasynda dawa-jenjeller ýüze çykýar.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 29-njy aprelde Türkmenistana iş sapary bilen baryp, Gypjakda Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasynyň ýedisi geçenden soň ilkinji anna agşamsynda berlen sadaka gatnaşdy.
Türkmenistanda dürli zerurlyklar üçin ilatdan maddy goşant goşmagy talap etmek möwsümi dowam edýär. Býujet edaralarynyň işgärlerinden, bilim edaralarynyň okuwçylaryndan we daýhanlardan ýygnanýan puluň hasabyna çykdajylaryň sanawy artýar. Şu günler Milli Gyzyl Haç we ýarymaý jemgyýeti üçin ilatdan pul toplanýar. Milli Gyzyl haç we ýarymaý jemgyýeti üçin býujet işgärlerinden talap edilýän maddy goşandyň mukdary, 20 türkmen manadyndan ybarat, bu ýurduň Merkezi Bankynyň resmi kursy boýunça 5.7 amerikan dollaryna barabar bollar. Читать дальше...
Ysraýylyň Saglyk ministrligi ýurduň demirgazygynda guralan ýewreý dini festiwalynda bolup geçen basalaşykda azyndan 44 adamyň ölendigini habar berdi. Ysraýylyň esasy halas ediş gullugy Magen Deýwid Adom 30-njy aprelde 100-den gowrak adamyň ýaralanandygyny, şol sanda iki adamyň agyr ýa-da janyna howp salýan ýara alandygyny aýtdy. Betbagtçylygyň sebäbi barada gapma-garşy habarlar bar. “Haaretz” gazetiniň polisiýa salgylanyp ýazmagyna görä, basalaşyk adamlaryň basgançaklarda taýyp ýykylmagy netijesinde dörän howsala sebäpli ýüze çykypdyr. Читать дальше...
Müňlerçe çeh Pragada prezident Milos Zemana garşy ýygnanyşyp, onuň wezipesinden boşadylmagyna we, garşydaşlarynyň aýtmaklaryna görä, Russiýa tarapdar garaýyşlary üçin ýazgarylmagyna çagyrdy. 29-njy aprelde Wenslas meýdanynda bolan ýygnanyşyk Çeh hökümetiniň Russiýanyň döwlet harby aňtaw gullugyny 2014-nji ýylda ok-ýarag ammarynda bolan ganly partlamanyň arkasynda durmakda aýyplandan soň guraldy. Bu aýyplama bilen baglylykda hökümet içaly hasaplanýan rus diplomatlarynyň ýurtdan çykarylandygyny... Читать дальше...
Gazagystanyň kazyýeti blogçyny we žurnalisti “şertli çäklendirme” bilen bir ýyl azatlykdan mahrum etmek we 100 sagat mejbury zähmet jezasyna hökümet etdi. Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) bu hökümiň esassyzdygyny we “galp aýyplamalara” daýanýandygyny aýdýar. Paýtagt Nur-Soltandaky kazyýet 29-njy aprelde Aýgül Otepowany gadagan edilen syýasy toparlara gatnaşmakda günäli tapyp, onuň üç ýyllap “köpçülikleýin we syýasy çäreler” bilen meşgullanmagyny, şol sanda metbugatda işlemegini gadagan etdi. Читать дальше...
Özbegistanyň Halk magaryf ministrligi Daşkentdäki mekdepleriň birinde, LGBT toparyna garşy göreş hökmünde, mekdep okuwçylarynyň joraplarynyň gonjunyň uzynlygynyň ölçelendigi barada habar peýda boldy. Ministrligiň maglumatyna görä, "gysga joraplary" barlamak bilen baglanyşykly çäre diňe bir okuw jaýynda – Daşkendiň Mirabat etrabyndaky 110-njy mekdepde bolup geçdi. Bilim ministrligi ýokarda ady agzalan mekdepde bolup geçen wakany öwrenýändigini habar berdi. Bilim ministrliginiň metbugat gullugy bu çäre baradaky öz teswirinde... Читать дальше...
Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝAYB) hökümet baştutanlarynyň 29-njy aprelde Kazanda başlanan sammitine Türkmenistandan wise-premýer Serdar Berdimuhamedow gatnaşýar. “Türkmenistanyň Hronikasynyň” “Kommersant” neşirine salgylanyp ýazmagyna görä, sammite ÝAYB-niň bäş ýurdunyň - Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Russiýanyň wekilleri ýygnandy. Rus mediasy Täjigistanyň premýer-ministri Kohir Rasulzodanyň we Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň... Читать дальше...