Türkmenistanyň häkimiýetleri prezidentiň ýogalan kakasynyň ýas çärelerini geçirmegini we muňa taýýarlyklaryny dowam etdirýärler. Welaýatlarda ilatdan pul ýygnalýar we ýerli wekiller, şol sanda etnik azlyklaryň wekilleri Aşgabada iberilýär.
Russiýanyň Goranmak ministrligi giň gerimli harby tälim-türgenleşigiň yzysüre Ukrainanyň Krym sebitinden öz goşunlaryny hemişelik bazalaryna çekip başlaýandygyny habar berýär. “Häzirki wagtda [Krymdaky] harby bölümler we toparlar demir ýol stansiýalaryna we howa menzillerine barýarlar, harby gämilere, demir ýol platformalaryna we harby uçarlara münýärler” diýip, ministrlik 23-nji aprelde beren beýanatynda aýtdy. Bu beýanat Russiýa bilen Günbataryň arasynda Russiýanyň gündogar Ukrainanyň töwereginde... Читать дальше...
2014-nji ýylda Çehiýanyň ýarag ammarynda bolup geçen ganly partlamada Russiýanyň oýnan roly diýilýän bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň güýçlenmegi bilen, çeh daşary işler ministri Ýakub Kulhanek 23-nji aprelde Çehiýanyň we Russiýanyň öz ilçihanalarynda saklajak diplomatlarynyň sanyny yglan etdi.
Lebap sebitinde ýüpek gurçugyny mejbury ýetişdirmek möwsümi başlady. Ýerli ýaşaýjylar ýüpekçilikde mejbury zähmetiň ulanylmagyndan, häkimiýetleriň býujet işgärlerini we kärendeçi daýhanlary zor bilen pileçilige çekmeginden şikaýat edýär.
Halkara Ýer gününe gabat Aşgabatda, göni wideoaragatnaşyk arkaly, “Aral deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn dialog” geçirildi diýip, Türkmen DIM-niň web saýty habar berýär. Köptaraplaýyn dialoga ýurduň degişli edaralarynyň, daşky gurşawy goramak işinde Aşgabat bilen hyzmatdaşlyk saklaýan halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdy diýip, habarda birnäçe halkara guramasynyň ady getirilýär. Anyklaşdyrylmazdan berlen maglumata görä, maslahatyň dowamynda sebitiň... Читать дальше...
Türmede oturan rus oppozisiýa lideri, saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy baradaky habarlar arasynda, ýurt boýunça azat edilmegi üçin guralam demonstrasiýalardan soň "buýsanç we umyt" bildirdi. Alekseý Nawalny 22-nji aprelde Instagramda çap edilen hatynda bir gün öň köçelere çykan müňlerçe orsýetlini “Russiýanyň daýanjy” diýip atlandyrdy. Rus polisiýasy ýygnanyşyklar wagtynda azyndan 1700-den gowrak adamy, şol sanda 10 žurnalisti tussag etdi. “Amnesty International” guramasy bu tutda-baslyklary... Читать дальше...
2014-nji ýylda Çehiýanyň ýarag ammarynda bolup geçen ganly partlamada Orsýetiň oýnan roly diýilýän bilen baglylykda, iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň güýçlenmegi bilen, daşary işler ministri Ýakub Kulhanek 23-nji aprelde Çehiýanyň we Russiýanyň öz ilçihanalarynda saklajak diplomatlarynyň sanyny yglan etdi. "[Çehiýanyň we Russiýanyň ilçihanalarynyň] her birinde ýedi diplomat we 25 administratiw-tehniki işgär bolmaly" diýip, Kulhanek Çehiýanyň “Blesk” gazetine beren interwýusynda aýtdy. Kulhanegiň... Читать дальше...
Britan jemgyýetçilik palatasy Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiaň sebitinde uýgurlara we beýleki musulman azlyklaryna daralyşyny adamzada garşy jenaýat we genosid diýip yglan edýän parlament teklibini tassyklady. 22-nji aprelde kabul edilen we hökmany güýji bolmadyk jarnama britan hökümetini herekete geçmäge mejbur etmeýär, ýöne kanun çykaryjylaryň arasynda hytaý hökümetine bolan nägileligiň artýandygyny aňladýar. Azyndan 1 million uýgur we esasan musulman azlyklaryndan bolan adam Sinjýaňdaky lagerlerde saklanylýar diýip bilinýär. Читать дальше...